Türkmenistanly çagalar Moskwada geçirilen haýyr-sahawat festiwalyna gatnaşdylar


Görüş mümkinçiligi çäkli türkmenistanly we başga-da onlarça döwletleriň çagalary “Ak hasa” ady bilen geçirilýän XIV Halkara haýyr-sahawat festiwalynyň gala-konsertiniň saýlama tapgyryna gatnaşdylar. Bu çäre 10-njy oktýabrda rus paýtagtyndaky “Krokus Siti Holl” konerstler merkezinde geçiriler diýip, “Культура” gazeti habar berýär.
Bu çäre görüş mümkinçiligi çäkli adamlaryň 15-nji oktýabrda bellenjek Ak hasanyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilýär. Onuň saýlama tapgyryna Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan jemi 500 çaga gatnaşdy. Moskwa şäherine daşary ýurtlardan jemi 70 çaga çagyryldy.
Festiwalyň esasy maksady görüşi çäkli adamlaryň jemgyýete goşulmagyna we döredijilik ukyplaryna ýardam bermekden ybaratdyr. Şeýle hem, bu çäre adamlaryň görüşi gowşak çagalara duýgudaşlygyny oýarmagy we ynsanperwerlik kömegini bermegi maksat edinýär.
Birnji tapgyryň ýeňijileri meşhur rus artistleri, şol sanda Zara, Alsu, Lýusa Çebotina, Shaman, Wana Dmitriýenko, Anastasiýa Makeýewa, Denis Maýdanow, Mark Tişman, Anita Soý, Dmitriý Guberniýew, Ýuliýa Parşuta, Dmitriý Koldun, Aleksandr Panaýotow, Rodiono Gazmanowa dagylar bilen bir sahnada çykyş ederler.
ORIENT news








