Türkmenistan türki dünýäsiniň «Korkut Ata» kinofestiwalyny kabul eder


Bakuwda, ýekşenbe güni, 8-nji oktýabrda Geýdar Alyýew merkezinde, türki dünýäsiniň «Korkut Ata» III film festiwalynyň açylyş dabarasy boldy.
Film forumynyň açylyş dabarasynda kinematografiýa we halklarynyň medeni däpleri esasynda türki dünýäsini birleşdirýän bu döredijilik taslamasynyň ähmiýeti bellendi.
Festiwalda Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Gagauziýanyň (Moldowa), Tatarstanyň, Saha-Ýakutiýanyň, Dagystanyň, Kabardino-Balkariýanyň, Çuwaşýanyň we Karaçaý-Çerkeziň (Russiýa Federasiýasy) 32 çeperçilik, dokumental we animasiýa filmleri görkeziler. Filmler 9-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda «Nizami» kinoteatrynda görkeziler.

Türkmen filmleriniň görkezilişi duşenbe we sişenbe günleri bolar we film çarşenbe güni agşam festiwalynyň baýraklary gowşurylar.
2021-nji ýyldan bäri gurnalýan bu festiwal ilkinji gezek Türkiýäniň Stambul şäherinde, 2022-nji ýylda - doganlyk ýurduň Bursa şäherinde geçirildi. Bu ýyl türki dünýäsiniň «Korkut Ata» III kinofestiwalyny «2023-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty Şuşa» maksatnamasynyň çäginde Azerbaýjan kabul edýär we festiwal dabarasyny 2024-nji ýylda Änew şäheriniň boljak – türki dünýäsiniň medeni paýtagt ady bilen birlikde Türkmenistana geçirýär.

Bakuwdaky forumda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasyna režissýor Sahysalyh Baýramow wekilçilik edýär.
ORIENT news








