Almaty şäherinde Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça milli utgaşdyryjylaryň duşuşygy geçirildi


Almaty şäherinde hukuk goraýjy edaralaryň we daşary syýasat edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa sebitleýin neşe serişdelerine, psihotrop maddalara we olaryň öňbaşçylaryna bikanun gaçakçylyga garşy göreşmek boýunça maglumat utgaşdyryş merkeziniň gatnaşyjy döwletleriniň Milli utgaşdyryjylar geňeşiniň nobatdaky ýyllyk mejlisi geçirildi.

Geçen hepde Gazagystan Respublikasynyň baştutanlygynda geçirilen mejlisde neşe serişdelerine garşy halkara gün tertibine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar CARICC we BMG-nyň Neşe serişdelerine we neşe gaçakçylygyna garşy göreş meseleleri utgaşdyrmak we hyzmatdaşlyk etmek boýunça işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Taraplar milli utgaşdyryjylaryň nobatdaky duşuşygyny 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda geçirmek barada ylalaşdylar diýip, Gazagystanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
CARICC, Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we öňbaşçylarynyň bikanun söwdasyna garşy göreşýän ýeke-täk döwletara düzümdir.
ORIENT news








