Habarlar

Arkadag şäheri—geljegiň şäheriArkadag şäheri—geljegiň şäheri

Arkadag şäheri—geljegiň şäheri

Täze Arkadag şäherinde “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşygynyň 3G we 4G modellerinde işleýän binýatlaýyn beketleriň 20 toplumy ornaşdyrylyp, ulanmaga berildi, 20 müň edara we hususy müşderä niýetlenen GPON ulgamy we goşmaça giňeltmäge mümkinçiligi bolan 235 teleýaýlymy bolan IP telewideniýe ulgamy gurnaldy. Daşarky optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy üç ugur boýunça çekildi. Onuň iki ugry Arkadag şäherini Aşgabat bilen bir ugry bolsa, Gökdepe etraby bilen baglanyşdyrýar.

Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa pudagy fransuz kompaniýalarynda gyzyklanma döredýärTürkmenistanyň ulag-kommunikasiýa pudagy fransuz kompaniýalarynda gyzyklanma döredýär

Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa pudagy fransuz kompaniýalarynda gyzyklanma döredýär

Ulag-kommunikasiýa pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginde ösýän ugurlarynyň biridir we ol dünýä ulag ulgamyna goşulmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Biz bu pudakda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, deňiz we demir ýollary hem-de awiadaşamalar boýunça infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmak işine fransuz maýadarlaryna we bilermenlerini gatnaşmaga çagyrýarys diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew Pariž şäherinde fransuz kompaniýalarynyň wekilleri bilen bolan işewürlik duşuşygynda mälim etdi.