HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlara amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy

Sentýabr 09, 2023 | 02:04 |8776
Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlara amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamak, awiapetekleri sanly ulgam arkaly satyn almak üçin şertleri gowulandyrmagy wise-premýere tabşyrdy.Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlara amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamak, awiapetekleri sanly ulgam arkaly satyn almak üçin şertleri gowulandyrmagy wise-premýere tabşyrdy.
Çeşme: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 106,2 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,6 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe ulag we kommunikasiýa toplumynda iň ýokary ösüş depgini «Türkmenhowaýollary» agentligine degişli boldy. Geçen döwürde agentlik boýunça boýunça ösüş depgini 245,9 göterime barabar boldy. «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107,2 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş depgini 117,7 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 107,1 göterime deň boldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde hem geçen 8 aýda oňyn netijeler gazanylyp, ösüş depgini 111,8 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe ulag we kommunikasiýalar toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 123,8 göterime deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew 8-nji sentýabrda geçiirlen Hökümet mejlisinde mälim etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlara amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamak, awiapetekleri sanly ulgam arkaly satyn almak üçin şertleri gowulandyrmagy wise-premýere tabşyrdy.

Şeýle hem, döwlet Baştutany awtoulag, deňiz we demir ýol ulaglary arkaly ýükleri daşamaga ýüztutmalary sanly ulgam arkaly kabul etmek üçin zerur işleri geçirmegiň, şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny doly kuwwatynda ulanmak boýunça görülýän çäreleri güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026