

Daşoguz welaýatyna 20 ekskwator gelip gowuşdy
Daşoguz welaýatynyň suw akabalaryny we desgalaryny arassalamga niýetlenen ekskwatorlaryň 20-si gelip gowuşdy. Täze tehnikalar Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň welaýat bölümine berildi.


Daşoguz welaýatynyň suw akabalaryny we desgalaryny arassalamga niýetlenen ekskwatorlaryň 20-si gelip gowuşdy. Täze tehnikalar Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň welaýat bölümine berildi.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji mejlsine gatnaşar.


Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen Russiýa Federasiýasynyň ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew bilen geçirilen gepleşiklerde Özbegistan – Türkmenistan – Hazar deňzi – Russiýa multimodal ugruny işe girizmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Şu ýylyň geçen 8 aýynda Balkan welaýatynda senagat önümçiliginiň pul hasabyndaky mukdary 13 milliard 609 million manatdan hem gowrak bolup geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6,7 göterim artdy.


Sişenbe güni Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwaar-ul-Hak Kakar bilen duşuşdy. Diplomat Premýer-ministri türkmen ýolbaşçylarynyň adyndan bu ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlady.


Özbegistan - Türkmenistan - Hazar deňzi - Russiýa iki ugurly multimodal ýoluň işe girizilmegi barada 12-nji sentýabrda Özbegistan Respublikasynyň Transport ministri Ilhom Mahkamow bilen Russiýa Federasiýasynyň Transport ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew ara alnyp maslahatlaşdylar.


Maýa goýum babatda Türkmenistanda döredilen mümkinçilikler barada aýdan "Söwda öýi" kärhanasynyň direktory katar tarapyny dürli ugurlarda, şol sanda energetika, azyk we dokma senagatynda bar bolan maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrdy.


Owganystanyň Senagat we söwda ministrliginiň wekili ýurduň Türkiýedäki biznes attaşesi hökmünde bellendi. Häzirki wagtda Owganystanyň Pakistanda, Eýranda, Türkmenistanda we Türkiýede biznes attaşeleri bar diýip, "TOLO" habarlar agentligi mälim edýär.


“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlary assosiasiýasynyň (KOMEO) we “Koryo Shipbuilding” kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.


Bäherden we Köýtendag etraplaryndaky sement zawodlarynyň gurluşygy tamamlaýjy tapyrda alnyp barylýar. Her biriniň kuwwaty ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply bolan täze zawodlar ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösmegine özüniň uly goşandyny goşar.


Ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň gory “Ýaşlar” gaz käni bilen bilelikde häzirki wagtda 26,2 trillion kubmetre barabar we bu känleriň bir bölegi bolan täze açylan Garaköl ýatagynyň gory hasaba alnanda jemi 27,4 trillion kubmetre barabar diýlip hasaplanylýar.


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Hytaýyň halkara ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň başlygynyň orunbasary Den Botsin bilen duşuşygy geçirildi. Onda köp ugurlar boýunça türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşi bellenip geçildi.


Duşenbe güni, 11-nji sentýabrda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda 9-njy «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» okuw kursy açyldy. Hazarýaka ýurtlarynyň hünär edaralarynyň işgärleri üçin on günlük seminar Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan Halkara Umman instituty bilen hyzmatdaşlykda guraldy.


Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň gündogar sebiti bolan Lebap welaýatynda durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi. Has takygy, welaýat boýunça 10-dan gowrak hassahana, 40 saglyk öýi, 17 sany medeniýet öýi, 30 sport mekdebi we 15 sany hem sport desgasy guruldy.


Awgust aýynyň dowamynda Russiýa Federasiýasyndan 12 müň tonnadan gowrak güýzlük bugdaý tohumy daşaldy. Bu bugdaý tohumy güýzlük bugdaýyň 5 sany iň ýokary sortlarynyň sanawyna girizilen “Bezostaýa 100” we “Alekseiç” ýaly görnüşlerine degişlidir.