Russiýanyň bazarynda türkmeniň öndürýän joraplaryna isleg bildirilýär


Russiýa Federasiýasyna geçen aý 330 müň jübüt «Akar» markaly jorap eksport edildi. Telekeçi Serdar Annakow, 2018-nji ýyldan bäri içerki we daşarky bazarlarda meşhurlyk gazanan ýokary hilli jorap önümlerini öndürýär.
Zawod Ahal welaýatynda ýerleşýär. Önümçilik ussahanasy ýokary tehnologiýaly Italýan enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, hili daşary ýurtly meňzeşlerinden pes bolmadyk ekologiýa taýdan arassa pagta joraplaryny öndürýär. Kärhana açylan gününden bäri dürli görnüşli ýarym million jübüt jorap öndürdi.
Önümçilik üçin zerur ýerli ýüplük we çig mal önümiň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga kömek edýär. Taýýar önüm berk hil gözegçiliginden geçýär we gaplaýyş ussahanasyna iberilýär. Şol ýerden bolsa bölek tekjelere gidýär.
ORIENT news








