

Russiýa işewürligi Aşgabatda Maýa goýum maslahatynda işjeň gatnaşar
10-11-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek TIF-2024 Türkmenistanyň Maýa goýum maslahatyna gatnaşmak üçin 10-a golaý rus kompaniýalary bellige alyndy.


10-11-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek TIF-2024 Türkmenistanyň Maýa goýum maslahatyna gatnaşmak üçin 10-a golaý rus kompaniýalary bellige alyndy.


Bişkekde Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nury Golliýew bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýewiň arasynda 27-nji awgustda bolup geçen duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň we sebit hyzmatdaşlygynyň esasy başlangyçlary we taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.


Türkmenistan Tatarystany sement we beýleki gurluşyk materiallary bilen üpjün etmäge taýýar. Bu barada 27-nji awgustda Kazanda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň 9-njy mejlisinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew habar berdi.


Türkmenistan we Tatarystan oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça bilelikdäki kompaniýalaryny döretmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Oba senagat toplumy pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça garşylykly teklipler barada Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bilelikdäki 9-njy mejlisinde habar edildi.


27-nji awgust, sişenbe güni Kazan şäherinde geçirilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň maslahatynda Türkmenistanda lukmançylyk polipropilenini öndürmek meselesi, Arkadag şäherinde fiziki erginini we derman serişdelerini öndürmek üçin lukmançylyk senagaty klasterini döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


27-nji awgust, sişenbe güni Kazanda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bilelikdäki mejlisinde “Kamaz” Daşary söwda kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň sebit direktory Marat Garifullin “Kamaz” kompaniýasynyň Türkmenistanda önümçiligi ýola goýmagy teklip edýändigi barada aýdyp geçdi.


Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wezipeli işgärlerinden we döwlet dokma fabrikleriniň ýolbaşçylaryndan ybarat wekiliýet Günorta Koreýa saparynyň dowamynda Inçhondaky KISCO korporasiýasynyň kärhanasyna baryp gördi.


Şenbe güni Hökümet hepdeligi mynasybetli geçirilen Habar beriş serişdeleriniň maslahatynda Eýranyň demirgazyk welaýaty Golestanyň gubernatory Inçeburun erkin ykdysady zolagyndan söwda harytlarynyň eksportuna ygtyýarnamanyň berilendigi barada habar berip, şeýle belledi: “Biz Türkmenistan bilen bilelikdäki erkin ykdysady zolagynyň döredilmegi barada geňeşmeleri geçirýäris”.


Aşgabat şäherinde 10-11-nji sentýabr aralygynda geçiriljek TIF 2024 Maslahatynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlary boýunça strategiki taýdan ähmiýetli maýa goýum taslamalary görkeziler.


Eýranyň täze nebit ministri Mohesen Paknejad ýurtda çig nebitiň önümçiligini artdyrmak baradaky meýillerini yglan etdi diýip, “Kazinform” halkara habarlar agentligi habar berýär.


Türkmenistanyñ daşary işler ministri Raşid Meredow Päkistanyñ Milli logistika korporasiýasynyñ Baş direktory Farruh Şahzad Rao bilen duşuşyk geçirdi.


Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrligi Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň asrasyndaky Ylalaşyga girizilen üýtgetmelerini neşir etdi. Kazinform agentliginiň habar bermegine görä, bu üýtgetmeler awtoulagda serhetüsti ýük daşalyşynynda rugsatnamalary ýatyrýar.


Penşenbe güni, 22-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Päkistanyň “Frontier Works Organization” (FWO) kompaniýasynyň prezidenti we baş inženeri Kaşif Nazir bilen duşuşdy.


Çarşenbe güni (21-nji awgust) Türkmenistanyň we Owganystanyň resmi wekilleri Hyratda ýerleşýän iki ýurduň arasyndaky serhetýaka etraby Turgundide TOPH gaz geçirijisi taslamasyny durmuşa geçirmek işleriniň badalga berilmegine taýýarlyk işlerini bahalandyrmak üçin duşuşdylar.


Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Statistika müdirliginiň berýän makrostatistika maglumatlaryna laýyklykda, Hytaýyň ykdysadyýeti gowy başlangyç görkezdi. Bu barada CGTN Hytaý halkara täzelikler teleýaýlymy habar berýär.