HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Tatarystany sement we beýleki gurluşyk materiallary bilen üpjün etmäge taýýar

Awgust 28, 2024 | 17:05 |9575
Türkmenistan Tatarystany sement we beýleki gurluşyk materiallary bilen üpjün etmäge taýýar. Bu barada 27-nji awgustda Kazanda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň 9-njy mejlisinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew habar berdi.Türkmenistan Tatarystany sement we beýleki gurluşyk materiallary bilen üpjün etmäge taýýar. Bu barada 27-nji awgustda Kazanda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň 9-njy mejlisinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew habar berdi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan Tatarystany sement we beýleki gurluşyk materiallary bilen üpjün etmäge taýýar. Bu barada 27-nji awgustda Kazanda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň 9-njy mejlisinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew habar berdi.

“Şu ýyl kuwwatlylygy ýylda 1 mln tonna önüm çykarýan iki sany sement zawody işe girizildi. Munuň bilen baglylykda bu mesele boýunça ägirt uly mümkinçilikler bar, we olardan peýdalanmak zerur” – diýip, Joraýew belledi.

Türkmenistanyň ähli sement zawodlarynyň kuwwatlylygy ýylda 5 mln tonna önüme barabar. Olar häzirki zaman tehnologiýalaryna laýyklykda iň öňdebaryjy sement markalaryny çykarýarlar.

Tatarystan Respublikasynyň Senagat we söwda ministri Oleg Korobçenkonyň aýtmagyna görä, Tatarystanda köp sanda täze desgalar gurulyp, sement ýetmezçiligi ýüze çykýar.

28082024-turkmenistan-gotov-postavlyat-tatarstanu-cement (2).jpeg

“Şu ýyl sement Eýrandan hem getirildi. Bu ýyl bolmasa, indiki ýyl özara hasaplaşyklara görä sement meselesini ara alyp maslahatlaşyp, sementi getirmek boýunça ylalaşyk düzmek mümkin bolar” – diýip, “Tatar-inform” ministriň sözlerini getirýär.

“AK Bars” gämi gurluşyk korporasiýasynyň daşary kooperasiýa boýunça Baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ýemelýuşin kompaniýanyň Türkmenistanda gämi gurmak maksatnamasyna gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Korporasiýa tarapyndan A.M.Gorkiý adyndaky Zelenodal zawodyndan Türkmenistana eýýäm A 145 taslamasynyň iki ýokary tizlikli ýolagçy gämisi getirildi.

“Olar Hazar deňziniň akwatoriýasynda üstünlikli öz işini dowam edýärler. Gämileri işletmek bilen bagly ähli meseleler gysga wagtyň içinde çözülýär” – diýip, A.Ýemelýuşin belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026