HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen dokma senagatynyň wekilleri Günorta Koreýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny öwrendi

Awgust 26, 2024 | 21:20 |10880
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wezipeli işgärlerinden we döwlet  dokma fabrikleriniň ýolbaşçylaryndan ybarat wekiliýet Günorta Koreýa saparynyň dowamynda Inçhondaky KISCO korporasiýasynyň kärhanasyna baryp gördi.Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wezipeli işgärlerinden we döwlet  dokma fabrikleriniň ýolbaşçylaryndan ybarat wekiliýet Günorta Koreýa saparynyň dowamynda Inçhondaky KISCO korporasiýasynyň kärhanasyna baryp gördi.
Çeşme: tinnews.co.kr

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wezipeli işgärlerinden we döwlet dokma fabrikleriniň ýolbaşçylaryndan ybarat wekiliýet Günorta Koreýa saparynyň dowamynda Inçhondaky KISCO korporasiýasynyň kärhanasyna baryp gördi. KISCO korporasiýasynyň wekilleri (Kyung-In Synthetic Corporation) myhmanlary dokma senagatynda ulanylýan boýaglaryny we himiki serişdelerini, elektron harytlary we iýmit önümlerini öndürýän kompaniýanyň işleýişi bilen tanyşdyryp, fabrikanyň öňdebaryjy kuwwatlylygyny we innowasion tehnologiýalaryny görkezdiler.

Bu sapar senagat ulanylyşda we tehnologiýalaryň söwdalaşdyrylmagynda hemaýat edýän Koreýanyň senagat tehnologiýalar instituty (KITECH) hem-de Koreýanyň import we eksport assosiasiýasy tarapyndan gurnaldy.

Türkmenistanly bilermenler KISCO fabrikasynda boýaglaryň öndüriliş yzygiderliligi bilen tanyşyp, koreýaly hünärmenler bilen boýag bazarynyň häzirki ýagdaýyny we munuň ýaly öndürilişiň tehniki gollanmasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, hyzmatdaşlyk we tehniki alyş-çalyş mümkinçiliklerini teklip etdiler.

Myhmanlara kärhanada ulanyjylaryň zerurlyklaryna uýgunlaşdyrylan we “eko-dostlukly” derejesi bolan öndürilýän önümleriň albom ýygyndysy görkezildi. Ekskursiýanyň dowamynda myhmanlar kärhananyň öndürijilik kuwwatlylygy we hil gözegçilik ulgamy bilen tanyş boldular.

Türkmenistanly topar bu saparyň oňaýly taraplaryny belläp, şeýle diýdi: “KISCO fabrikasynyň boýag öndürmekde öňdebaryjy kuwwatlylygy we ykjam hil gözegçilik ulgamy haýran galdyryjy”.

26082024-delegaciya-turkmenskogo-tekstilproma-v-yuzhnoj-koree (1).jpg

KISCO wekiliniň aýtmagyna görä: “Bu sapar iki ýurduň arasyndaky senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ilkinji ädim bolup, geljekde hem tehnologiýa hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdüriler diýlip garaşylýar”.

Koreýadaky senagat saparynyň maksatnamasyna laýyklykda türkmen bilermenleri ulanylýan tehnologiýalary we pudaklaýyn tematika boýunça geňeşmeleri öwrenmek maksady bilen beýleki kompaniýalara hem baryp gördüler: “Akylly egin-eşik” tehnologiýalar Merkezine, Koreýanyň moda senagatynyň assosiasiýasyna (Le Dome), KOTITI Synaglar Milli-barlag institutyna (bu ýerde dokma önümleriniň hilini, işleýişini, saglyga howpsuzlylygy we beýlekiler boýunça özboluşly synag-testler işlenilip düzüldi) we beýleki guramalara baryp gördüler. Türkmen wekiliýetiniň sapary koreýaly ykdysady neşirlerde şöhlelendirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026