HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Kamaz” Türkmenistanda ýerli brend bilen tehnika önümçiligini ýola goýmagy teklip edýär

Awgust 27, 2024 | 22:50 |8578
27-nji awgust, sişenbe güni Kazanda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bilelikdäki mejlisinde “Kamaz” Daşary söwda kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň sebit direktory Marat Garifullin “Kamaz” kompaniýasynyň Türkmenistanda önümçiligi ýola goýmagy teklip edýändigi barada aýdyp geçdi.27-nji awgust, sişenbe güni Kazanda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bilelikdäki mejlisinde “Kamaz” Daşary söwda kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň sebit direktory Marat Garifullin “Kamaz” kompaniýasynyň Türkmenistanda önümçiligi ýola goýmagy teklip edýändigi barada aýdyp geçdi.
Çeşme: kamaz.ru

27-nji awgust, sişenbe güni Kazanda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bilelikdäki mejlisinde “Kamaz” Daşary söwda kompaniýasy paýdarlar jemgyýetiniň sebit direktory Marat Garifullin “Kamaz” kompaniýasynyň Türkmenistanda önümçiligi ýola goýmagy teklip edýändigi barada aýdyp geçdi.

Gürrüň Türkmenistanda (eýýäm “Kamaz” hyzmat ediş merkezleri hereket edýär) tehnika öndürmek üçin täze desganyň döredilmegi baradadyr. Garifulliniň aýtmagyna görä, munuň ýaly önümçiligi ýola goýmagyň dürli görnüşleri ara alnyp maslahatlaşylýar, üstesine-de tatar tarapy bu önümçiligi ýerli bredniň adyndan çykarmagy teklip edýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew bu teklibi goldap, türkmen bazarynda “Kamaz” önümleriniň köpgörnüşliligini belläp, munuň bilen baglylykda Türkmenistanda onuň önümçiliginiň ýola goýulmagy we bilelikdäki kärhana görnüşinde hereket etmegi barada maslahatlaşylýandygy barada aýtdy.

Şeýle-de Garifullin 2024-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistana hususy bölüm üçin niýetlenen “Kamaz”-yň 100 birlik tehnikasynyň getirilmegine garaşylýandygyny hem-de häzirki wagtda şertnamanyň üstünde işlenilip, onuň tehniki tarapy barada ylalaşmalaryň geçirilýändigini belledi.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bilelikdäki 9-njy mejlisi sişenbe güni Kazanda mejlisiň başlyklary – Türkmenistanyň Maliýe we ykdysady ministri Serdar Joraýewiň we Tatarystan Respublikasynyň Senagat we söwda ministri, premýer-ministriň orunbasary Oleg Korobçenkonyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Taraplar gün tertibinde duran hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady, nebit-gaz we senagat pudagyndaky, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalar, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, ylym we bilim, lukmançylyk ugurlary, medeniýet, syýahatçylyk, sport we ýaşlar syýasaty ýaly pudaklar boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ahyrynda bolsa taraplar Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bilelikdäki 10-njy mejlisini 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirmegi barada şertlendiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026