Habarlar

Hindistan Demirgazyk deňiz ýoly we “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça ýükleriň daşalşyny giňeltmegi meýilleşdirýärHindistan Demirgazyk deňiz ýoly we “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça ýükleriň daşalşyny giňeltmegi meýilleşdirýär

Hindistan Demirgazyk deňiz ýoly we “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça ýükleriň daşalşyny giňeltmegi meýilleşdirýär

Hindistan Çennaý – Wladiwostok ugry boýunça, şeýle hem “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi we Demirgazyk deňiz ýoly boýunça ýükleriň daşalşyny artdyrmak isleýär. Bu barada Hindistanyň Eksport guramalary federasiýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ajaý Sahaýyň sözlerine salgylanyp, TASS habarlar gullugy habar berýär.

Türkmen wekiliýeti Filippinlerdäki «Clark Freeport» erkin ykdysady zolagyna baryp gördiTürkmen wekiliýeti Filippinlerdäki «Clark Freeport» erkin ykdysady zolagyna baryp gördi

Türkmen wekiliýeti Filippinlerdäki «Clark Freeport» erkin ykdysady zolagyna baryp gördi

Türkmen wekiliýeti 3-nji awsgustda, ýagny Filippinler Respublikasyna saparynyň ikinji gününde, “Klark-Friport” erkin ykdysady zolagyna baryp gördi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä: “Bu sapar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda ähmiýetli bolup, tejribe alyşmaga hem-de bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berdi”.

Gollandiýaly kompaniýalar Türkmenistana oba hojalygy boýunça hünärmenleriniň jogap saparyny amala aşyrmagy meýilleşdirýärlerGollandiýaly kompaniýalar Türkmenistana oba hojalygy boýunça hünärmenleriniň jogap saparyny amala aşyrmagy meýilleşdirýärler

Gollandiýaly kompaniýalar Türkmenistana oba hojalygy boýunça hünärmenleriniň jogap saparyny amala aşyrmagy meýilleşdirýärler

Gollandiýadaky ýurduň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Gollandiýaly kompaniýalara oba hojalyk pudagynda söwda we halkara işewürligini ösdürmäge kömek edýän abraýly halkara guramasy "East-West Trade" guramasynyň dolandyryjy müdiri Muhammet Reza Maşadi bilen duşuşdy. Duşuşyga häzirki wagtda bu guramanyň geňeşçisi bolup işleýän Gollandiýanyň Gazgystandaky öňki ilçisi Piter wan Lewen hem gatnaşdy.