HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Gyrgyzystan Hytaýdan Hazara çenli ulag geçelegesi baradaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Awgust 28, 2024 | 23:15 |12155
Bişkekde Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nury Golliýew bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýewiň arasynda 27-nji awgustda bolup geçen duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň we sebit hyzmatdaşlygynyň esasy başlangyçlary we taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.Bişkekde Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nury Golliýew bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýewiň arasynda 27-nji awgustda bolup geçen duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň we sebit hyzmatdaşlygynyň esasy başlangyçlary we taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: mineconom.gov.kg

Bişkekde Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nury Golliýew bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýewiň arasynda 27-nji awgustda bolup geçen duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň we sebit hyzmatdaşlygynyň esasy başlangyçlary we taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr halkara ýük daşalyşy boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň wajyplylygy barada aýratyn nygtap geçmek bilen, sebitiň üstaşyr we ulag-logistika potensialyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik açýan Hytaý Halk Respiblikasyndan Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň üsti bilen soňra Türkmenistandan Hazar deňzine çenli ulag geçelgesiniň möhüm bolup durýandygyny belledi.

Şeýle-de Nury Golliýew energetika we oba hojalyk pudaklary boýunça netijeli hyzmatdaşlyk barada aýdyp, özara söwdanyň oňyn ösüşini hem belledi. Diplomat Gyrgyzystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministrine 10-11-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum maslahaty barada habar berdi.

28082024-turkmenistan-i-kyrgyzstan-obsuzhdayut-klyuchevye-proekty-i-transportnyj-koridor (3).jpg

Gyrgyzystan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň Habarlar gullugynda bellenilişi ýaly, gepleşigiň dowamynda senagat pudagynda hyzmatdaşlyk hem-de beýleki wajyp meseleler boýunça mümkinçilikler ara alynp maslahatlaşyldy. Taraplar 2024-nji ýylyň 24-25-nji iýulynda Çolpon-atada geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanerwer hyzmtadşlygy boýunça türkmen-gyrgyz hökümetara komissiýasynyň 6-njy mejlisiniň netijelri boýunça ýetilen ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmeginiň ähmiýeti barada belläp geçdiler.

28082024-turkmenistan-i-kyrgyzstan-obsuzhdayut-klyuchevye-proekty-i-transportnyj-koridor (4).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026