HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa işewürligi Aşgabatda Maýa goýum maslahatynda işjeň gatnaşar

Awgust 28, 2024 | 23:35 |12210
10-11-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek TIF-2024 Türkmenistanyň Maýa goýum maslahatyna gatnaşmak üçin 10-a golaý rus kompaniýalary bellige alyndy.10-11-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek TIF-2024 Türkmenistanyň Maýa goýum maslahatyna gatnaşmak üçin 10-a golaý rus kompaniýalary bellige alyndy.
Çeşme: orient.tm

10-11-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek TIF-2024 Türkmenistanyň Maýa goýum maslahatyna gatnaşmak üçin 10-a golaý rus kompaniýalary bellige alyndy.

Hususan-da, Russiýa Federasiýasyndan kompaniýalarynyň arasynda – “Russiýa demirýollary”, “Himwostok”, “Resurs”, SK “Miratorg”, Nowikombank, “Garant” söwda öýi, “Termomiks grupp”, “Faworit” we “Akwitens” ýaly kompaniýalary bar. Maslahatyň guramaçylyk toparyna salgylanyp, TASS-yň habar bermegine görä, Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministrligniň hem-de “Sinergiýa” uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda maýa goýum maslahatyna gatnaşmak üçin umumylykda 32 ýurtdan 350-den gowrak wekil bellige alyndy.

Maslahatyň maksady – Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerine hem-de Galkynyş iri gaz känine daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan turbageçiriji ýaly iri taslamalarynyň görkezilişi, gaz himiýasy, elektrik energiýa önümçiligi, gurluşyk, dokma senagaty we ulag, “akylly” oba hojalyk we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça başlangyçlary işjeňleşdirmek.

Aýry bölümçeler ýaşyl ykdysadyýete we ulag gatnawynyň ösdürilmegine, iki esasy tegelek stollar – metanyň we gazyň zyňyndylaryny azaltmagy göz öňünde tutmak bilen uglewodorody işläp taýýarlamagyň ekologiýa nukdaýnazaryna hem-de Türkmenistanyň ählumumy ykdydadyýete, şol sanda Bütindünýä söwda guramasyna girmek meselelerine bagyşlanylar. Şeýle-de maslahatyň çäginde ýurduň ykdysady gazananlarynyň sergisi gurnalar.

Çäräni gurnaýjylar bolup Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenstanyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy çykyş edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026