

Russiýadan ugran konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana baryp ýeter
Russiýadan Hindistana Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň polat ýollarynyň üsti bilen Mumbaýdaky porta baryp ýetjek konteýner otlusy ugradyldy.


Russiýadan Hindistana Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň polat ýollarynyň üsti bilen Mumbaýdaky porta baryp ýetjek konteýner otlusy ugradyldy.


Türkmenistan we Gazagystan paýly gatnaşmak arkaly Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Gazagystanyň 100 müň tonna bugdaýyny saklamaga niýetlenilen elewator gurar diýip, obasenagat meseleleri boýunça wise-premýer Annageldi Ýazmyradow gürrüň berdi.


Şweýsariýanyň Bad Ragaz şäherinde 3-nji iýuldan 6-njy iýul aralygynda Bütindünýa Bankyna we Halkara Walýuta Gaznasyna wekilçilik edýän toparyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ony esaslandyryjy ýurtlaryň (Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Polşa, Serbiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan, Şweýsariýa Konfederasiýasy) wekilleriniň duşuşygy geçirilýär.


Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy dünýä ähmiýetli ilkinji gözden geçirilişe – “Men suşini halaýaryn” atly ýapon gaznasynyň göçme sergisine çagyrýar. Diplomatik wekilhananyň habar berşi ýaly, çäräniň açylyşy 8-nji iýulda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler.


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) baş müdiriniň orunbasary Çžan Sýançen bilen duşuşdy. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gullugy habar berýär.


Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $14,8 mln we 3,8 mln manatlyk bolan 38 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý Türkiýe-Türkmenistan-Azerbaýjan üçtaraplaýyn sammitini geçirmegiň meýilleşdirilýändigini beýan etdi.


Aşgabat ilkinji innowasion Go Viral festiwalyny kabul etdi, festiwal köpçülikleýin habar beriş, işewürlik we medeniýet ulgamlarynda höwesjeňleriň hem-de bilermenleriň adybir jemgyýetçiligini özünde birleşdirýär.


“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy Türkmenistanda ilkinji gün-ýel elektrik stansiýasyny gurmak üçin “Çalik Enerji Sanaýi we Tijaret A.Ş” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


Türkiýänyň wise-prezidenti Fuat Oktaý öz ýurdunyň wekiliýetine baştutanlyk edip, Aşgabada iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisiniň çäklerinde wise-premýer Batyr Atdaýew bilen duşuşdy.


Türkmen Senagat Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda bölek satuw söwdasynda giňden ulanmak üçin niýetlenen polietilen torbalary öndürip başlady.


Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň sany hepdede dört gezege çenli köpeldildi. Moskwa täze gatnawlar ýola goýuldy.


25-nji iýundan Türkmenistan daşary ýurtly ýük daşaýjylara “Lütfabad (Eýran) – Artyk (Türkmenistan)” barlag geçiriş nokadynyň (BGN) – “Farap – (Türkmenistan) – Alat (Özbegistan)” BGN – “Artyk (Türkmenistan) – Lütfabad (Eýran)” BGN-larynyň ugry boýunça sürüjileri bilen üstaşyr geçmäge rugsat berdi.


Russiýanyň Türkmenistan bilen energetikada hyzmatdaşlyk, şol sanda käbir şertnamalary dowam etmek barada anyk ylalaşyklary bar, “Gazprom”-yň ýolbaşçylary bolsa ýakynda Türkmenistana geler.


Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň binasynda “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd. kompaniýasynyň arasynda gol çekmek dabarasy boldy. Bu kompaniýa Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň (ÖPY) şertlerinde Hazar deňziniň türkmen böleginde nebiti we gazy çykaryp almak işlerini ýerine ýetirýär.