Aşgabatdaky Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde “Men suşini halaýaryn” atly ýapon sergisi geçiriler


Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy dünýä ähmiýetli ilkinji gözden geçirilişe – “Men suşini halaýaryn” atly ýapon gaznasynyň göçme sergisine çagyrýar. Diplomatik wekilhananyň habar berşi ýaly, çäräniň açylyşy 8-nji iýulda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler.
Sergi Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllyk senesine bagyşlanylan çäreleriň birdir.

Suşi – ýapon aşhanasynyň has meşhur nygmatlarynyň biri. Ýaponiýanyň tagamlary eýýäm köpden bäri bütin dünýäde meşhurlyga eýedir. 2013-nji ýylyň dekabr aýynda däp bolan ýapon nahary ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi hem-de fransuz, türk, meksika we Ortaýer deňzi ýurtlarynyň tagamlary bilen bir hatarda “aşpezlik mirasynyň” sanawynda bäşinji boldy.
Saparguly MAGTYMOW








