HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Gazprom”-yň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapary barada beýan edildi

Iýul 01, 2022 | 17:35 |14421
Russiýanyň Türkmenistan bilen energetikada hyzmatdaşlyk, şol sanda käbir şertnamalary dowam etmek barada anyk ylalaşyklary bar, “Gazprom”-yň ýolbaşçylary bolsa ýakynda Türkmenistana geler.Russiýanyň Türkmenistan bilen energetikada hyzmatdaşlyk, şol sanda käbir şertnamalary dowam etmek barada anyk ylalaşyklary bar, “Gazprom”-yň ýolbaşçylary bolsa ýakynda Türkmenistana geler.
Çeşme:

Russiýanyň Türkmenistan bilen energetikada hyzmatdaşlyk, şol sanda käbir şertnamalary dowam etmek barada anyk ylalaşyklary bar, “Gazprom”-yň ýolbaşçylary bolsa ýakynda Türkmenistana geler. Bular barada RF-niň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabatda Hazar Sammitine gatnaşandan soň, rus žurnalistleri bilen duşuşygynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Ol şeýle hem uzak wagtlyk “kowid arakesmesinden” soň, sammitiň işiniň örän netijeli bolandygyny belledi.

Hazar “bäşligi”, şol sanda ýokary tehnologiýalarda ygtyýarlyjlary deň paýlar we utgaşykly işleri ýola goýar: “Biz şol ileri tutulýan ugurlary saýlamak, ygtyýarlyklary öz aralarymyzda deň paýlamak hem-de şol ygtyýarlyklara laýyklykda, esasy ugurlarda şeýle giň utgaşykly işi ýola goýmak boýunça çäreleri göreris”.

Şeýle hem RF-niň Prezidenti Türkmenistanyň täze Prezidenti Serdar Berdimuhamedow barada pikirini aýdyp, onuň ýaş, ýöne tejribeli döwlet işgäridigi barada seslendi.

“Türkmenistany we türkmen halkyny şeýle gowy ýolbaşçyny saýlandygy bilen gutlamak isleýärin. Täze Prezident – ýaş, gyjyrly, ajaýyp bilim derejeli hem-de eýýäm döwlet işlerinde tejribeli ýolbaşçy” diýip, Putin žurnalistler bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Kakasyndan nobaty kabul eden Türkmenistanyň Prezidenti bilen “oňat we hoşniýetli gatnaşyklarymyz” ýola goýulýar diýip, rus Lideri sözüniň üstüni ýetirdi.

Putin Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa bolan sapary wagtynda-da olaryň “örän peýdaly hem-de gowy” gepleöikleriniň geçirilendigini gürrüň berdi. Şonda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk hereket etmegiň meýilleri bellenildi. Onuň sözlerine görä, bu meýiller, eýýäm, durmuşa geçirilip başlandy.

“Ozalky ýolbaşçy Gurbanguly Mälikgulyýewiç barada aýdylanda, biziň onuň bilen örän hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklarymyz ýola goýuldy we onuň tagallalary netijesinde, russiýa-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ep-esli derejede binýat döredildi we hyzmatdaşlyk dowam edýär, özi-de, biziň energetika kompaniýalarymyzyň ugry boýunça, ynsanperwer ulgamynda, bilim, ulag ulgamlarynda dowam edýär” diýip, RF-niň Prezidenti anyklaşdyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026