HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Çalik Enerji Türkmenistanda bir ýarym ýylda gün-ýel elektrik bekedini gurar

Iýul 02, 2022 | 22:44 |20312
“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy Türkmenistanda ilkinji gün-ýel elektrik stansiýasyny gurmak üçin “Çalik Enerji Sanaýi we Tijaret A.Ş” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy Türkmenistanda ilkinji gün-ýel elektrik stansiýasyny gurmak üçin “Çalik Enerji Sanaýi we Tijaret A.Ş” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Çeşme:

“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy Türkmenistanda ilkinji gün-ýel elektrik stansiýasyny gurmak üçin “Çalik Enerji Sanaýi we Tijaret A.Ş” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

– Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu barada karara gol çekdi – diýip, resmi türkmen metbugaty ýazýar.

Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin geçirilen tenderde ýeňiji bolan Çalik Enerji kompaniýasy innowasion desgasynyň taslamasyny işläp düzer we Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda gurluşygyny ýerine ýetirer.

Солнечно-ветровая электростанция в Туркменистане

Şertnamada elektrik stansiýasynyň kuwwatynyň 10 MBt boljakdygy, we umumy ulgama baglanan inženerçilik ulgamlarynyň we suw üpjünçilik desgalarynyň oňa birikdiriljekdigi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, desga Serdar elektrik stansiýasyndan elektrik liniýasy çekiler.

Prezidentiň Kararyna laýyklykda, taslama 1,5 ýylda durmuşa geçirilmeli, ýagny gurluşyk 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlanyp, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda desganyň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistandaky ilkinji gün-ýel elektrik bekedi sebit ähmiýetli ägirt uly eko-taslama bolan “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň töwereginde döredilmegi meýilleşdirilýän şäherçelerdäki jaýlary elektrik energiýasy bilen üpjün eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026