HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Plastmas turbalary öndüriji Türkmen Senagat polietilen torbalaryň önümçiligini ýola goýdy

Iýul 02, 2022 | 04:43 |19405
Türkmen Senagat Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda bölek satuw söwdasynda giňden ulanmak üçin niýetlenen polietilen torbalary öndürip başlady.Türkmen Senagat Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda bölek satuw söwdasynda giňden ulanmak üçin niýetlenen polietilen torbalary öndürip başlady.
Çeşme:

Türkmen Senagat Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda bölek satuw söwdasynda giňden ulanmak üçin niýetlenen polietilen torbalary öndürip başlady.

Täze kärhana Balkan welaýatyndaky Gyyanly polimer zawodyndan getirilýän ýerli çig maldan günde 3-4 tonna polietilen torbalary öndürmek üçin niýetlenendir.

Хозяйственное общество Türkmen Senagat

Önümler islendik zerur bolan ölçegdäki, görnüşdäki we dykyzlykdaky torbalary saýlap bilýän, şeýle hem özünde bar bolan ýa-da kompaniýa çap etmek üçin täze dizaýny sargyt edip bilýän müşderiniň talabyna doly laýyklykda öndürilýär.

Şol bir wagtda Türkmen Senagat Hojalyk jemgyýetiniň diametri 16-dan 630 mm-e çenli bolan iki görnüşli plastmas turbalary esasy öndürýän önümi bolmagynda galýar. Olar:

– polietilenden (PE) gasynlanan görnüşde – lagym we elektrik torlary üçin amatly,
– pes basyşly (PBP) polietilenden tekiz görnüşde – suw- we gazgeçirijiler üçin ulanylýar.

Хозяйственное общество Türkmen Senagat

Kompaniýa tarapyndan öndürilýän plastmas turbalaryň esasy artykmaçlyklary olaryň çydamlylygy we ýer titremesi, ýeriň süýşmegi, ýokary we pes temperaturalar, himiki täsirlenme we ş.m. daşky faktorlardan zaýalanmak ýagdaýyna durnuklylygydyr.

Polietilen turbalar oturdylandan soň, ortaça 50 ýyldan 100 ýyla çenli hyzmat edip biler, bu bolsa kärhanalaryň ýa-da hususy jaýlaryň eýelerine elektrik simleri, aragatnaşyk, lagym, gaz- we suw geçirijiler bilen bagly bolup biläýjek kynçylyklary ýatdan çykarmaga mümkinçilik berer.

Öndürilýän plastik turbalaryň görnüşleri barada has giňişleýin maglumaty kompaniýanyň şu salgydaky saýtynda tapyp bilersiňiz.

Хозяйственное общество Türkmen Senagat

Türkmen Senagat Hojalyk jemgyýeti içerki bazarda bolşy ýaly, plastik turbalara daşary ýurtlarda bolan islegi hem kanagatlandyrýar. Kompaniýa eýýäm öz önümlerini Türkiýä, Gruziýa, Azerbaýjana we Özbegistana ugratdy we geljekde eksport geografiýasyny giňeltmegi dowam etdirmegi göz öňünde tutýar.

70-den gowrak işgäri iş bilen üpjün edýän Hojalyk jemgyýetiniň esasy önümçilik desgasy Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýär. 2008-nji ýylda işe girizilen bu kompaniýa dürli ugurlarda ösýär we Türkmenistan üçin del we üýtgeşik taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirýär.

Türkmen Senagat Hojalyk jemgyýeti Balkan welaýatyndaky Jebel şäherçesinde kaliý we natriý sulfatyny, şeýle hem gidrohklor turşusyny öndürýän täze zawod gurýar.

Mundan başga-da, Hojalyk jemgyýeti ýurduň ekologik abadançylygyny üpjün etmek, şeýle hem agrosenagat toplumynda suwdan tygşytly peýdalanmak meseleleriniň çözgüdine goşant goşmak üçin ýakyn wagtda damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Хозяйственное общество Türkmen Senagat

Damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň önümçiligini şu ýylyň oktýabr aýyna çenli ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Kompaniýanyň bu taslamasy oba hojalygyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek üçin möhüm bolan şeýle tehnologiýalaryň Türkmenistana import edilmeginiň ornuny tutmakda möhüm ädim bolar.

Türkmen Senagat Hojalyk jemgyýetiniň Türkmenistanda geçirilýän halkara sergilere yzygiderli gatnaşmagy kompaniýanyň sebit bazarynda ykrar edilmegini üpjün etdi. Halkara ulag gatnawlarynyň dikeldilmegi bilen, kompaniýa daşary ýurtlardaky işewürlik çärelerine gatnaşygyny işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär.

Türkmen Senagat Hojalyk jemgyýetiniň wekilleri bilen aşakdaky belgiler we salgy boýunça habarlaşyp bilersiňiz:

– el tel. +993 61 031450;
– faks: +99312 76-12-30;
– elektron poçta: info@turkmensenagat.com

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026