HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan daşary ýurtly ýük daşaýjylara täze ugur boýunça üstaşyr geçmäge rugsat berdi

Iýul 01, 2022 | 22:34 |11578
25-nji iýundan Türkmenistan daşary ýurtly ýük daşaýjylara “Lütfabad (Eýran) – Artyk (Türkmenistan)” barlag geçiriş nokadynyň (BGN) – “Farap – (Türkmenistan) – Alat (Özbegistan)” BGN – “Artyk (Türkmenistan) – Lütfabad (Eýran)” BGN-larynyň ugry boýunça sürüjileri bilen üstaşyr geçmäge rugsat berdi.25-nji iýundan Türkmenistan daşary ýurtly ýük daşaýjylara “Lütfabad (Eýran) – Artyk (Türkmenistan)” barlag geçiriş nokadynyň (BGN) – “Farap – (Türkmenistan) – Alat (Özbegistan)” BGN – “Artyk (Türkmenistan) – Lütfabad (Eýran)” BGN-larynyň ugry boýunça sürüjileri bilen üstaşyr geçmäge rugsat berdi.
Çeşme:

25-nji iýundan Türkmenistan daşary ýurtly ýük daşaýjylara “Lütfabad (Eýran) – Artyk (Türkmenistan)” barlag geçiriş nokadynyň (BGN) – “Farap – (Türkmenistan) – Alat (Özbegistan)” BGN – “Artyk (Türkmenistan) – Lütfabad (Eýran)” BGN-larynyň ugry boýunça sürüjileri bilen üstaşyr geçmäge rugsat berdi.

Türkmenistanyň döwlet serhetiniň geçiş nokadyna girilende, daşary ýurtly sürüjiler:

– üstaşyr geçmegiň amallaryny resmileşdirmek üçin zerur bolan hemme resminamalary görkezmäge,
– ulag serişdesini zyýansyzlandyryş taýdan işlemegiň tassyklanan çäresini geçmäge,
– COVID-19-a tizleşdirilen barlagy geçip, onuň netijeleri boýunça üstaşyr geçmäge rugsat almaga borçlydyrlar.

Sürüjileriň ýanynda şeýle hem: – COVID-19-a garşy sanjym edilendigi baradaky resminama (soňky sanjymdan soň, 42 günden köp wagt geçmeli däl),
– COVID-19-a garşy bedeniň durnuklylygynyň bardygyny tassyklaýan resminama,
– COVID-19-a tabşyrylan testiň geçirilendigi barada güwanama (onuň berlenden bäri geçen wagt 72 sagatdan köp bolmadyk möhletli) bolmalydyr.

Ýokarda agzalan resminamalaryň bolmagy daşary ýurtly sürüjilere karantin gözegçiliginde bolmazdan, Türkmenistandan üstaşyr geçmäge mümkinçilik berer.

Ýurtdan üstaşyr geçmek ulag kerweniniň düzüminde galtaşyksyz esasda günüň ýagty wagtynda 08:00-dan başlap, ýol polisiýasynyň ugratmagynda amala aşyrylýar.

Ulag serişdeleriniň barýan ýolunyň ugrunda dynç almak, zerur bolsa bejeriş işlerini geçirmek, ulaga ýangyç guýmak, azyk önümlerini satyn almak üçin ýörite awtoduralgalar göz öňünde tutulýar

Ozal şunuň ýaly şertlerde Türkmenistan ýük daşaýjylara “Sarahs (Eýran – Sarahs (Türkmenistan)” BGN – “Farap (Türkmenistan) – Alat (Özbegistan)” BGN – “Sarahs (Türkmenistan) – Sarahs (Eýran)” BGN-larynyň ugry boýunça ýurduň üstünden geçip gitmäge rusgat beripdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026