Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

“Türkmennebit” we Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd. şertnamany ýene-de 10 ýyl uzaltdylar

Iýul 01, 2022 | 06:32 |36315
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň binasynda  “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd. kompaniýasynyň arasynda gol çekmek dabarasy boldy. Bu kompaniýa Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň (ÖPY) şertlerinde Hazar deňziniň türkmen böleginde nebiti we gazy çykaryp almak işlerini ýerine ýetirýär.Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň binasynda  “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd. kompaniýasynyň arasynda gol çekmek dabarasy boldy. Bu kompaniýa Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň (ÖPY) şertlerinde Hazar deňziniň türkmen böleginde nebiti we gazy çykaryp almak işlerini ýerine ýetirýär.
Çeşme:

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň binasynda “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd. kompaniýasynyň arasynda gol çekmek dabarasy boldy. Bu kompaniýa Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň (ÖPY) şertlerinde Hazar deňziniň türkmen böleginde nebiti we gazy çykaryp almak işlerini ýerine ýetirýär.

Resminamanyň mazmuny Önümi paýlaşmak hakyndaky bar bolan Ylalaşygyň möhletiniň 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaldylmagynda jemlenýär. Resminamanyň doly atlandyrylyşy has uly – “1999-njy ýylyň 10-njy noýabrynda gol çekilen “Çeleken” şertnamalaýyn çäk boýunça Önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyga №4 goşmaça (2009-njy ýylyň 29-njy oktýabryndaky, 2014-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky we 2016-njy ýylyň 31-nji oktýabryndaky üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)”.

«Туркменнефть» и Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd. продлили контракт еще на 13 лет

Gol çekmek dabarasynyň öňýanynda kiçiräk iş maslahaty geçirilip, onuň dowamynda taraplar alnyp barlan işleriň ýene-de bir gezek netijelerini jemlediler hem-de mundan beýläk özara hereket etmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler.

– Ýakyn ýyllarda Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd. Türkmenistana köp möçberde maliýe serişdelerini maýa goýmagy maksat edinýär, bu bolsa nebitiň çykarylyşyny köpeltmäge kömek eder – diýip, kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al-Jarwan aýtdy.

Iş maslahaty tamamlanansoň, şertnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

«Туркменнефть» и Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd. продлили контракт еще на 13 лет

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalarynda Döwlet konserniň başlygy Guwanç Agajanow hem-de Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd. kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al-Jarwan resminama gol çekdiler.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, jenap Al-Jarwan hoşallyk bilen ORIENT-iň sowallaryna jogap bermäge razylyk berdi.

«Туркменнефть» и Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd. продлили контракт еще на 13 лет

– Ilki bilen, biz “Türkmennebit” D/K bilen Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd. kompaniýamyzyň arasynda ozalky şertnamany uzaltmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň hökümetine minnetdardyrys. Biz bir-biregi goldamak ýaly ajaýyp däbi dowam etmäge taýýardyrys. Taraplaryň ikisi-de häzire çenli üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, biribirine wepaly boldular we türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen täze şertlerde özara hereketlerimizi guwanç bilen dowam ederis. Biziň kompaniýamyz iki tarapy hem mundan beýläk-de has gülledip ösdürmek maksady bilen, nebitgaz känlerini agtarmak we ulanyşa tabşyrmak babatda işlär.

Häzirki wagtda biz alyp barýan işlerimizde agtaryş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda we nebitgaz ulgamynda innowasion çözgütleri tapmakda has uly netijeleri gazanmak üçin iň täze tehnologiýalary ulanýarys. Munuň özi özara bähbitli işlerdir. Onuň aňyrsynda geljek bar. Bu bolsa amala aşan umytlar we gülläp ösüşler bolup, hemmeler üçin oňat hyzmat eder. Hatda häzirki çylşyrymly döwürde-de biz hyzmatdaşlar hökmünde bir-birege ýakyn bolýarys. Şoňa görä-de, meniň ýaňy hem aýdyşym ýaly, özara bähbide eýe bolup, uly üstünlikleri gazanarys.

«Туркменнефть» и Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd. продлили контракт еще на 13 лет

– Jenap Al-Jarwan, düýn bäş döwletiň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Aşgabat Hazar sammiti geçirildi. Siz sebitiň energetika howpsuzlygy babatynda hazarýaka ýurtlarynyň mümkinçiligine nähili baha berýärsiňiz?

– Men Türkmenistanyň Hazar sebitinde merkezi orny eýeläp, öz munasyp ornundadygyna we hemmeler bilen täze oňyn gatnaşyklary guraýandygyna ynanýaryn. Hazarýaka ýurtlarynyň ählisi Hazarda hyzmatdaşlyk etmek işine özleriniň mynsayp goşandyny goşmak ýaly ajaýyp mümkinçilige eýedirler. Men Hazar taslamasynda Türkmenistan hem-de Azerbaýjan esasy ýurtlar diýip hasaplaýaryn we geljege ruhubelentlik bilen garaýaryn. Iň çylşyrymly döwürleriň yzda galandygyna hem-de indi biziň bilelikde täze şertlere uýgunlaşmagy öwrenmelidigimize yananýaryn.

«Туркменнефть» и Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd. продлили контракт еще на 13 лет

“Türkmennebit” döwlet konserninde ORIENT-e habar berilişi ýaly, Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd. esasan “Jeýtun” we “Jygalybeg” nebitli känleriň üstünde işleýär. Kompaniýa işläp gelýän ýigrimi ýyldan gowrak döwründe bu taslama $8 milliarddan gowrak maýa goýdy.

Şu döwürde kompaniýa agzalan känlerde ozalky düzümleri döwrebaplaşdyrdy we goşmaçalaryny gurdy. “Jeýtun” we “Jygalybeg” känlerinde 17 sany täze guýylar burawlandy, ozalky bar bolanlaryndan bolsa – alty guýy düýpli abatlanyldy. Mundan başga-da, ýene-de üç täze guýyny burawlamak işleri alnyp barylýar.

Täze nebit geçirijileriň we nebit saklaýjylaryň gurulmagy netijesinde, kompaniýanyň eksport kuwwaty artdy, bu bolsa “Alaja” nebit guýujy nokatda iki tankere bir wagtyň özünde ýüklemäge mümkinçilik berdi.

Kompaniýanyň işlerini depginli alyp barmagy nebitiň bir gije-gündizdäki çykarylyşyny 7 müňden 80 müň barrele çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi. “Dragon Oil” kompaniýasynyň Direktorlar geňeşi tarapyndan öňde goýlan maksat bolsa – 2025-nji ýyla çenli nebitiň bir gije-gündizdäki alynyşynyň mukdaryny 100 müň barrele çenli köpeltmekdir.

Desgalarynda 2200-den gowrak adam zähmet çekýän kompaniýa öz işgärlerini okatmak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalara bolluk bilen maýa gönükdirýär.

Your browser does not support HTML5 video.

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026