

Saud Arabystany zenanlaryň arasynda futbol boýunça Aziýanyň Kubogyny geçirmäge arza berdi
Saud Arabystany Aziýanyň futbol konfederasiýasyna (AFK) zenanlaryň arasynda 2026-njy ýylda Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşy geçirmäge resmi taýdan arza berdi.


Saud Arabystany Aziýanyň futbol konfederasiýasyna (AFK) zenanlaryň arasynda 2026-njy ýylda Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşy geçirmäge resmi taýdan arza berdi.


Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi (AOG) ýekşenbe güni Er-Riýadda AOG/Olimpiýa raýdaşlygy sebit forumynda yklymyň bäş zolagyndan Milli Olimpiýa komitetleriniň (MOK) 44-üsini jemledi. Türkmenistanyň hem Milli olimpiýa komitetiniň wekiliniň gatnaşýan bu çäresi 7-nji dekabra çenli dowam eder.


BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili we BMG-niň merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşen Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenildi. Bu baradaaky habar şenbe güni Guramanyň Twitterdäki resmi sahypasynda ýerleşdirildi.


Dekabr aýy hoşlaşýanyna gynanýan güýzüň ymykly giderine sypaýyçylyk bilen garaşyp, dessine özüniň gelendigini ýaňzytmak üçin ýeňiljek gar sepeläp, ýaşyl gazonlary, ýere tänip düşen ýapraklary we sosna şahalaryny ýukajyk ak ýapynja bilen örtdi. Gyşyň geleni mälim edildi, ýöne indiki hepde howanyň nähili boljakdygyny diňe indiki hepde bileris, sebäbi dürli howa-saýtlary dürli-dürli çaklamalary berýärler.


Şenbe güni Türkmenistanda neşe serişdelerini we galp ýollar arkaly alnan temmäki önümlerini ýok etmek çäresi geçirildi. Hukuk goraýjy we harby edaralar trapyndan geçirilen ýörite maksatly işleriň dowamynda bikanun dolanyşykdan ele salnan neşe serişdeleri we çilimler Gökdepe etrabynyň çäklerinde ýörite peçlerde ýakyldy.


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 3-nji dekabrda Doha bolan saparynyň dowamynda Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamat Al Tani bilen duşuşdy.


ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmenistanly talyplaryň 15-nji dekabra çenli Global UGRAD 2023-2024 halkara talyplary alyşma maksatnamasyna gatnaşmak üçin elektron poçta arkaly ýüz tutup biljekdiklerini ýatladýar.


Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli #GREATAmbassadors onlaýn kampaniýasyna başlady.


Aşgabatda Türkmenistanyň hökümeti bilen hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça ilkinji çärýekleýin gepleşikler geçirildi.


Türkmenistanda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary pudagynda ilkinji ykjam goşundy sözlügi – IT sözlük elýeterli boldy.


2022-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,3 esse artdy. Şol bir wagtyň özünde, rumyn önümleriniň türkmen bazaryna importy 6,4 esse, türkmen harytlarynyň Rumyniýa eksporty 8,2 esse artdy. Şeýle maglumatlar 1-nji dekabr, penşenbe güni Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli geçirilen kabul edişlikde eden çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Transport we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew tarapyndan berildi.


GDA ýurtlarynda sanlylaşdyrmagy döwletleriň ykdysady we syýasy ösüşiniň esasyny düzýän hukuk namalaryny kadalaşdyrmakdan başlamaly. Bu mowzuk 2-nji dekabrda Sankt-Peterburgda Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentara assambleýasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşyjylar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy – diýlip, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň internet saýtynda habar berilýär.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew ulag, üstaşyr we logistika boýunça türkmen-russiýa bilelikdäki topary döretmek we onuň türkmen bölegini guramak meýilnamalary barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.


Çogdumlarynda dänesi bişende, ýygym başlanýar – onda ýetişen sümmülleriň 85-90% jemlenmelidir. Bu bolsa däne gabaklarynyň reňkinden görünýär. Türkmenistanda şaly hasylynyň ýygymy tamamlanyp barýar, häzir eýýäm tüwniň 82,5 müň tonna golaýy ýygnaldy diýip, ýurduň Oba hojalyk ministrliginde habar berdiler.


Türkmenistan we Russiýa demir ýol düzümlerini ösdürmegiň üstünde işleýärler, rus kompaniýalarynyň bolsa türkmen demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmagy üçin uly mümkinçiligi bar diýip, anna güni RF-niň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow TASS-yň habarçysy bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy.