Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky öňki ilçileri ýurdumyzdaky işleri barada öz täsirleri bilen paýlaşarlar


Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli #GREATAmbassadors onlaýn kampaniýasyna başlady.
Kampaniýanyň çäklerinde diplomatik wekilhana Instagram we Facebook resmi sahypalarynda Türkmenistanda wezipesini tamamlan ilçileriň çykyşlary berlen gysga wideolaryny goýar. Diplomatlar özleriniň ýurdumyz baradaky täsirleri, wezipesini ýerine ýetiren döwründäki ajaýyp we ýatdan çykmajak pursatlary bilen paýlaşarlar. Şeýle hem olar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ýenenäme edip boljakdygy barada öz pikirlerini gürrüň bererler.
2010-njy ýyldan 2013-nji ýyla çenli Türkmenistanda işlän ilçi Kit Allanyň gatnaşmagyndaky ilkinji wideoşekil eýýäm ulgamda elýeterlidir. Indiki wideoşekil 6-njy dekabrda ýerleşdirilip, iňlis diplomatlarynyň gatnaşmagynda bolsa jemi bäş wideoşekil bolar.
ORIENT news
Surat: Shutterstock








