BMG-niň MAÖDSM-niň ýolbaşçysy Natalýa German BMG-da ýolbaşçy wezipä bellenildi


BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili we BMG-niň merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşen Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenildi. Bu baradaaky habar şenbe güni Guramanyň Twitterdäki resmi sahypasynda ýerleşdirildi.
“Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Natalýa Germanyň (Moldowa Respubliksay) Howpsuzlyk Geňeşiniň ylalaşmagy bilen Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky komitetiň Ýerine ýetiriji direktoratyna bellenilmegini tassyklady” diýlip, habarda bellenilýär.

Moldowanyň daşary işler ministrliginiň we Ýewropa integrasiýasynyň ozalky ýolbaşçysy Natalýa German bu wezipede Belgiýadan bolan Mişel Koninksyň ýerine geldi.
German Moldowanyň ilkinji prezidenti Mirça Sneguryň gyzydyr, ol 2013-2016-njy ýyllar aralygynda respublikanyň daşary syýasat edarasyna baştutanlyk etdi. 2016-njy ýylyň fewralynda hökümet Germany BMG-niň Baş sekretary wezipesine hödürledi, ol bu wezipä dalaşgärleriň altynjysy boldy. Ýöne, ses bermegiň netijeleri boýunça bu wezipäni Guterriş eýeledi.
2017-nji ýyldan häzirki wagtda çenli German BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili we BMG-niň MAÖDSM-niň ýolbaşçysy wezipesini eýeläp geldi.
ORIENT news








