HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen harytlarynyň Rumyniýa eksporty 8 esse artdy, gün tertibinde: ýük akymlaryny giňeltmek

Dekabr 04, 2022 | 09:28 |6724
2022-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,3 esse artdy. Şol bir wagtyň özünde, rumyn önümleriniň türkmen bazaryna importy 6,4 esse, türkmen harytlarynyň Rumyniýa eksporty 8,2 esse artdy. Şeýle maglumatlar 1-nji dekabr, penşenbe güni Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli geçirilen kabul edişlikde eden çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Transport we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew tarapyndan berildi.2022-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,3 esse artdy. Şol bir wagtyň özünde, rumyn önümleriniň türkmen bazaryna importy 6,4 esse, türkmen harytlarynyň Rumyniýa eksporty 8,2 esse artdy. Şeýle maglumatlar 1-nji dekabr, penşenbe güni Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli geçirilen kabul edişlikde eden çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Transport we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew tarapyndan berildi.
Çeşme:

2022-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,3 esse artdy. Şol bir wagtyň özünde, rumyn önümleriniň türkmen bazaryna importy 6,4 esse, türkmen harytlarynyň Rumyniýa eksporty 8,2 esse artdy. Şeýle maglumatlar 1-nji dekabr, penşenbe güni Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli geçirilen kabul edişlikde eden çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Transport we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew tarapyndan berildi.

Ulag we aragatnaşyk toplumynyň başlygy Rumyniýanyň Türkmenistana esasan enjamlary, metal önümlerini, derman serişdelerini we harytlaryň başga-da birnäçe görnüşlerini iberýändigini, Türkmenistandan bolsa dokma, ýeňil we himiýa senagatynyň önümlerini, gurluşyk materiallaryny, nebit önümlerini we ş.m. satyn alýandygyny belläp geçdi.

Mämmethan Çakyýew ulag we aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda maksadalaýyk işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle-de, şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň, Rumyniýanyň, Gruziýanyň we Azerbaýjanyň ulag pudak ýolbaşçylarynyň arasynda "Gara deňiz - Hazar deňzi" halkara ýük geçelgesi baradaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin iş maslahatynyň, awtoulaglar boýunça türkmen-rumyn toparynyň ilkinji mejlisiniň geçirilendigi bellenildi.

Syýasy-diplomatik, medeni-gumanitar ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi hem beýan edildi. Mämmethan Çakyýew ýokary bilim pudagyndaky gatnaşyklary aýratyn belläp, ilçi Ion Nawaly Rumyniýanyň Milli baýramy bilen gutlady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026
Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

17:44 Oktýabr 13, 2026
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026