Türkmenistanda neşe serişdelerini ýok etmek çäresi geçirildi


Şenbe güni Türkmenistanda neşe serişdelerini we galp ýollar arkaly alnan temmäki önümlerini ýok etmek çäresi geçirildi. Hukuk goraýjy we harby edaralar trapyndan geçirilen ýörite maksatly işleriň dowamynda bikanun dolanyşykdan ele salnan neşe serişdeleri we çilimler Gökdepe etrabynyň çäklerinde ýörite peçlerde ýakyldy.
Çärä milli parlamentiň ýolbaşçylary, hökümetiň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalaryň, saglygy goraýyş ulgamynyň, KHBS-niň wekilleri, hormatly ýaşulylar gatnaşdylar diýip, “Türkmenistan segodnýa” saýty habar berýär.
Çärä gatnaşyjylara ýörite gaplara dürli görnüşlerde gaplanan neşe serişdeleri hem-de temmäki önümleri görkezildi. Şondan soň isleg bildirenleriň her biri olary öz eli bilen peje taşlady.
ORIENT news








