GDA ýurtlarynda sanlylaşdyrmak - Sankt-Peterburgda geçýän maslahatyň mowzugy


GDA ýurtlarynda sanlylaşdyrmagy döwletleriň ykdysady we syýasy ösüşiniň esasyny düzýän hukuk namalaryny kadalaşdyrmakdan başlamaly. Bu mowzuk 2-nji dekabrda Sankt-Peterburgda Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentara assambleýasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşyjylar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy – diýlip, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň internet saýtynda habar berilýär.
Sanlylaşdyrma pudagyndaky kanunçylyk namalary has çeýe bolmaly we tehnologiýa ösüşi bilen aýakdaş gitmeli. Ýogsam, teklibiň makullanan pursatyndan durmuşa geçirilmegine çenli "ýol" birnäçe aýlara we ýyllara çekip biler – diýip, forumyň delegatlary belleýärler.
"Çalt üýtgeýän dünýäniň yzyndan ýetişmek üçin hemişe kadalaşdyrmagyň aýratyn usullaryna garaýarys, Russiýada eýýäm bar bolan tehnologiýalary giňden we elýeterli edip boljak täze gurallary we synag hukuk düzgünlerini kabul edýäris" -diýip, Federasiýa geňeşi toparynyň başlygynyň birinji orunbasary Alekseý Sinisyn öz çykyşynda belläp geçdi.
Maslahat parlamentarlaryň, ýuristleriň, ykdysatçylaryň we Arkalaşygyň ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Tauride köşgünde geçirildi.
ORIENT news








