HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Geljek hepde Türkmenistanda gurak we sowuk howa bolar

Dekabr 05, 2022 | 01:23 |6648
Dekabr aýy hoşlaşýanyna gynanýan güýzüň ymykly giderine sypaýyçylyk bilen garaşyp, dessine özüniň gelendigini ýaňzytmak üçin ýeňiljek gar sepeläp, ýaşyl gazonlary, ýere tänip düşen ýapraklary we sosna şahalaryny ýukajyk ak ýapynja bilen örtdi. Gyşyň geleni mälim edildi, ýöne indiki hepde howanyň nähili boljakdygyny diňe indiki hepde bileris, sebäbi dürli howa-saýtlary dürli-dürli çaklamalary berýärler.Dekabr aýy hoşlaşýanyna gynanýan güýzüň ymykly giderine sypaýyçylyk bilen garaşyp, dessine özüniň gelendigini ýaňzytmak üçin ýeňiljek gar sepeläp, ýaşyl gazonlary, ýere tänip düşen ýapraklary we sosna şahalaryny ýukajyk ak ýapynja bilen örtdi. Gyşyň geleni mälim edildi, ýöne indiki hepde howanyň nähili boljakdygyny diňe indiki hepde bileris, sebäbi dürli howa-saýtlary dürli-dürli çaklamalary berýärler.
Çeşme:

Dekabr aýy hoşlaşýanyna gynanýan güýzüň ymykly giderine sypaýyçylyk bilen garaşyp, dessine özüniň gelendigini ýaňzytmak üçin ýeňiljek gar sepeläp, ýaşyl gazonlary, ýere tänip düşen ýapraklary we sosna şahalaryny ýukajyk ak ýapynja bilen örtdi. Gyşyň geleni mälim edildi, ýöne indiki hepde howanyň nähili boljakdygyny diňe indiki hepde bileris, sebäbi dürli howa-saýtlary dürli-dürli çaklamalary berýärler.

Howa şertlerini kesgitlemegi merkezi Russiýanyň ýewropa böleginiň üstünde ýerleşen aýazly antisiklon dowam etdirer. “MeteoŽurnalyň” habaryna görä, ol Türkmenistanyň günorta-gündogar çetinde ýerleşip, esasan noldan aşak howa temperaturasynyň bolmagy çaklanýar.

Beýleki howa saýtlary öz maglumatlarynda gijelerine noldan biraz aşak, gündizine bolsa howanyň temperaturasynyň noldan birneme ýokary bolmagyny çak edýärler. Hemme howa saýtlary biragyzdan gaty sowuk bolsa-da, ygalyň o diýen köp bolmajakdygy babatda ylalaşýarlar. Türkmengidrometeorologiýa baradaky gulluk tarapyndan 5-nji dekabr - “Biraz garly gije” diýlip, şahyrana bellenipdir. Aşgabatda duşenbe güni, Lebapda we Maryda bolşy ýaly, garyň ýagmagyna garaşylýar.

Şeýle-de bolsa, türkmen gyşynyň durnuksyzlygy hemmelere mälim we ol bizi geljekde mümkingadar, has amatly howa bilen begendirer. Howanyň sowuk döwründe gat-gat geýinmek we arassa ýüňden taýýarlanan eşikleri saýlamak maslahat berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026
Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

17:44 Oktýabr 13, 2026
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026