

Türkmen wekiliýeti Kazan şäherinde ÝUNESKO-nyň ýubileý forumyna gatnaşar
Bütindünýä mirasy goramak baradaky Konwensiýanyň uly şanly senesine bagyşlanan ÝUNESKO-nyň halkara forumy 4-9-njy dekabrda Kazan şäherinde geçiriler. 50 ýyl mundan ozal – 1972-nji ýylda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda iň netijeli hem-de giňden ykrar edilýän halkara namalarynyň biri işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi.




















