Habarlar

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdyMilli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Gahryman Arkadagymyzy merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary, şol sanda onuň içki bezeginiň dürli görnüşleriniň we metjidiň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän sadaka jaýynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen gutlag hatlar.Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen gutlag hatlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen gutlag hatlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmu, Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Miloş Zeman we Çernogoriýanyň Prezidenti Milo Jukanowiçden gutlag hatlary gelip gowuşdy. Gutlaglarda Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edilýär.