

Aşgabatdaky kanal durnukly buz gatlagy bilen doly örtüldi
Şäheriň günorta bölegini kesip geçýän Aşgabadyň suw seýilbag kanaly tutuş ýurtda howanyň temperaturasynyň peselmegi bilen buzuň galyň bolmadyk gatlagy bilen doly örtüldi.


Şäheriň günorta bölegini kesip geçýän Aşgabadyň suw seýilbag kanaly tutuş ýurtda howanyň temperaturasynyň peselmegi bilen buzuň galyň bolmadyk gatlagy bilen doly örtüldi.


Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndysy Kazan Hockey Cup -Yslam ýurtlarynyň arasyndaky ilkinji halkara hokkeý ýaryşynda Gyrgyzystanyň ýygyndysyndan üstün çykdy – diýip, ýaryşlaryň resmi topary ВК-da habar berýär.


Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde gurulýan metjidiň ýanynda okuw jaýyny – medresäniň gurulmagyny teklip etdi – diýip, TDH habar berýär.


Türkmenhowaýollary pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçuşlarynyň biletleriniň möhletini gysgaltdylar. Indi olary 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli çalşyp bolýar – diýip, «Türkmenhowaýollarynda» ORIENT-e gürrüň berdiler.


Şenbe güni, 14-nji ýanwarda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy bahasy 747,5 müň amerikan dollary bolan 3 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň baş konsuly Güýç Garaýew we Kazan şäheriniň häkimi Ilsur Metşin Türkmenistanyň we Tatarystanyň arasyndaky özara gatnaşyklary, şeýle hem Aşgabat bilen Kazanyň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny ara alyp maslahatlaşdylar – diýip, Türkmenistanyň baş konsullygynyň saýty habar berýär.


Türkmenabatda syn etmeleriň1894-nji ýyldan bäri ýöredilýän taryhy boýunça iň pes temperatura rekordy goýuldy. Anna güni şäherdäki termometrleriň çyzygy -25,4° gradusa düşdi – diýip, «Meteožurnal» neşiri habar berýär.


Awstriýanyň 500 golaý kompaniýasy Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda, Gazagystanda, Täjigistanda, Özbegistanda we Gyrgyzystanda işjeň işleýärler – diýip, Awstriýanyň Gazagystandaky söwda attaşesi Liza Kronraýf beýan etdi – diýip, Trend habar berýär.


Hytaýda we Hindistanda kowide garşy çäklendirmeleriň aýrylmagy bilen baglylykda nebite we nebit önümlerine ägirt uly isleg bildirilmegine garaşylýar – diýip, Bloomberg bilermenleriň pikirine salgylanyp, habar berýär.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy harytlaryň we hyzmatlaryň birnäçesini üpjün edijileri gözleýändigini yglan etdi – diýip, şu gün «Türkmenistan» gazeti habar berdi.


Aňyrsy görünýän aýnadan edilen kapsula şekilindäki täze kafe Aşgabatdan 20 km uzaklykda dynç alyş zolagynda açyldy. Onuň suratyny sosial torlardan peýdalanyjylar ýaýratdylar.


Türkmenistanda durmuş işleri boýunça hünärmenleriň täze topary esasy okuwlaryň ikinji tapgyryny geçdi. ÝUNISEF Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen bilelikde gurnalan sessiýalar durmuşy işleri geçirmegiň wajyp meselelerine bagyşlanandyr.


"Gaz merkezi işe girizilenden soň, TANAP arkaly Yragyň we Türkmenistanyň "mawy ýangyjyn" Ýewropa import edip bileris". Bu barada TASS-nyň habar bermegine görä, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň metbugat sekretary Ybragim Kalyn şenbe güni daşary ýurtly KHBS-niň wekilleri bilen bolan duşuşygynda aýtdy.


MotorTrend amerikan žurnaly tarapyndan Hyundai Motor Group-yň ýerine ýetiriji direktory Çong Ison ýylyň adamy diýlip atlandyryldy. Bu barada Günorta Koreýanyň awtoulag öndürijisi öz saýtynda yglan etdi.


Şenbe güni Kataryň we Birleşen Arap Emirliklerniň energetika ministrleri dünýä üçin tebigy gazyň uzak wagtyň dowamynda gerek boljakdygyny, şoňa görä-de, ibermegiň howpsuzlygyny hem-de ählumumy energetika özgertmeleriniň geçýän mahaly, elýeterli bahalary üpjün etmek üçin goşmaça maýa goýumlarynyň zerur boljakdygyny aýtdylar.