Türkmenistan "Global Günortanyň sesi" wirtual sammitine gatnaşdy


12-13-nji ýanwarda Hindistanda geçirilen halkara forumda ýurdumyza hökümetiň ylym we bilim meseleleri boýunça premýer-ministriň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow wekilçilik etdi. Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň beren beýanatynda - sammite Aziýa, Afrika, Latyn Amerikasy we GDA ýurtlaryna wekilçilik edýän 120 döwletiň ýolbaşçylary gatnaşdy – diýlip, bellenilýär.
Maslahata gatnaşanlar öz çykyşlarynda ýurtlary adam resurslaryny ösdürmek, ynsanperwerlik ukybyny ýokarlandyrmak we bilim, başarnyklary wwe hünär derejesini ösdürmek boýunça sanly jemgyýetçilik bähbitleri boýunça öňdebaryjy tejribäni paýlaşmaga çagyrdylar.
Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary mowzugy dowam etdirip, Türkmenistanda bilimiň her bir adamyň aýrylmaz konstitusiýa hukugydygyny aýtdy. Türkmen raýatlaryna, milletine, derisiniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emlägine we resmi ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dinine, syýasy ynançlaryna ýa-da beýleki ýagdaýlaryna garamazdan ömrüniň dowamynda ýokary hilli bilim almak mümkinçiligi kepillendirilýär. Amannepesow öz çykyşynda ýaş we saglyk ýagdaýynyň hem bilim almak üçin päsgelçilik däldigini belläp geçdi.
Sözüniň ahyrynda ol Türkmenistanyň global günorta ýurtlar bilen geljegi uly hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini aýtdy.
ORIENT news








