Kalkulýatorda saz çalmak koreý sazandasyna torda şöhrat getirdi


Günorta Koreýaly YouTub blogçysy Çako Çako, adaty bolmadyk "saz guralynda" - kalkulýatorda meşhur aýdymlary ýerine ýetirmekde özboluşly ukyby bilen internetde meşhur boldy. Ridus.ru-nyň habar bermegine görä, ol meşhur sazlary ýerine ýetirip, öz kanalynda ýerleşdirip başlady we birnäçe aýyň içinde oňa ýazylan döredijiliginiň muşdaklarynyň sany 815 000-den geçdi.
Kalkulýatorlarda koreý sazandasy hemme sazy diýen ýaly oýnap biler: kino we seriallardaky sazlardan başlap, nusgawy eserlere çenli. Artistiň muşdaklary teswirlerde we synlarda: "Çako Çakonyň ýerine ýetirýän sazlary, esasanam bir wagtyň özünde bäş dürli kalkulýator ulananda örän täsirli" diýip belleýärler.
Öz wideoýazgylarynda Çako Çako adaty kalkulýator däl-de, “saz” häsiýetleri giňden tanalýan belli bir model - AR-7778 kalkulýatoryny ulanýar. Enjamdaky her düwmäniň özboluşly sesi bar. Şeýle-de bolsa, beýleki saz gurallarynda bolşy ýaly, islendik guralda saz çalmak üçin zehin we tejribe gerek. Koreý saz ussadynyň eserleriniň arasynda Ariana Grande, Blackpink, Radiohead-iň hitleriniň “kalkulýator” görnüşleri we hatda “Gyzyl goşun hemmelerden güýçli” aýdymy bar.
Blogçy fortepiano çalýan wideolaryny YouTube-da ýerleşdirýärdi, emma meşhurlyk öňa saz guralyny üýtgedenden soňra geldi.
Häzirki wagtda köpler Çako Çakony dünýäde kalkulýatorda saz çalýan ilkinji artist hasaplaýarlar. Şeýle-de bolsa, "sungatyň" bu görnüşi bilen onda hem ozal, hatda dogduk mekany Günorta Koreýada meşgullanyp ýören beýleki "kalkulýatorçy" sazandalar bar.
ORIENT news








