HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

China daily: Bütindünýä banky Hytaýda durnukly ykdysady ösüşiň boljakdygyny çaklaýar

Ýanwar 14, 2023 | 23:11 |8029
Bütindünýä bankynyň çaklamalaryna görä bütindünýädäki ykdysady ösüşde haýallama bolmagyna garamazdan Hytaýyň ykdysadyýeti berkär - diýip,China daily habar berýär.Bütindünýä bankynyň çaklamalaryna görä bütindünýädäki ykdysady ösüşde haýallama bolmagyna garamazdan Hytaýyň ykdysadyýeti berkär - diýip,China daily habar berýär.
Çeşme: China daily

Bütindünýä bankynyň çaklamalaryna görä bütindünýädäki ykdysady ösüşde haýallama bolmagyna garamazdan Hytaýyň ykdysadyýeti berkär - diýip,China daily habar berýär.

Şeýlelikde, Hytaýyň ykdysadyýeti şu ýyl 4,3 % we indiki ýyl 5% öser. Bu ýurduň COVID-19-a jogap bermegiň täze tapgyryna geçenden soň edilen ilkinji uly çaklamadyr.

«2023-nji ýylda Hytaýda pandemiýa bilen baglanyşykly çäklendirmeler gowşadyldygyça, ösüşiňýokarlanmagy çaklanylýar» – diýip, Bütindünýä bankynyň çap eden «Bütindünýä ykdysady geljekler»hasabatynda aýdylýar.

Ýarymýyllyk hasabat hem Hytaýdan beýleki ähli esasy ýurtlarda we sebitlerde JIÖ-iň ösüşiniň haýallajakdygyny öňünden aýtdy.

Meselem, Birleşen Ştatlardaky ösüş 2023-nji ýylda 0,5%-e çenli aşak düşer, bu bolsa 1970-nji ýylda bolup geçen yza gaýtmanyň daşynda iň gowşak görkezijidir – diýip, Bütindünýä banky beýan etdi.

Ýewrozolak üçin JIÖ-iň ösüşi 1,9% kemelmäge tarap gaýtadan seredildi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Hytaýyň pandemiýa bilen göreşinde öz tagallalaryny ýokanjyň öňüni almakdan onuň agyr halatlaryny bejermeklige geçmeginden birnäçe hepde öň Halkara walýuta gaznasy 2023-nji ýylda Hytaýyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň 4,4% boljakdygyny öňünden aýtdy.

Hytaýyň bank we ätiýaçlandyryş işjeňligini kadalaşdyrmak boýunça Komissiýasynyň başlygy Go Şusin ýurduň öz ykdysadyýetiniň gaýtadan dikeldilmegine we gowulanmagyna ýardam eder ýaly onuň öz pul-karz syýasatyny has maksada gönükdirilen we netijeli etjekdigini beýan etdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026