Türkmen alymlary Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan sanly saýty dörederler


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary Magtymguly Pyragynyň döredijilik işine bagyşlanan maglumat portalyny dörederler, häzirki wagtda alymlar täze saýtyň üstünde işleýärler.
Bu häzirkizaman maglumat çeşmesinde beýik nusgawy şahyryň eserleri ýerleşdirilip, isleg bildiren her bir adam gözleg-portaly arkaly Pyragynyň meşhur goşgularyny tapyp biler.
Şeýle hem, bu sahypa dürli awtorlaryň köp sanly ylmy we edebi eserlerini - makalalary, oçerkleri, hekaýalary, ylmy-barlag işlerini we Magtymgulynyň işine bagyşlanan beýleki materiallary hödürlär.
Sanly taslama Gündogaryň beýik şahsyýeti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly çäreler meýilnamasynyň çäginde işlenip düzülýär. Ýubileý senesi mynasybetli dabaralar 2023-2024-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (UNESKO) we Halkara türki medeniýeti guramasy (TURKSOY) bilen bilelikde geçiriler.
Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda Magtymgulynyň ruhy mirasyny öwrenmek we wagyz etmek, beýik şahsyýete dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek maksady bilen halkara ylmy we edebi simpoziumlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary we beýleki çäreler geçiriler.
ORIENT news








