HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň Täjirçilik ministrligi: ýuan daşary ýurt geleşiklerinde meşhurlyga eýe bolýar

Ýanwar 14, 2023 | 16:50 |8610
Hytaýyň milli puly ýurduň onuň söwdada we maýa goýumynda ulanylmagy üçin edýän tagallalarynyň netijesinde daşary ýurtlardaky geleşikleriň we hasaplaşyklaryň meşhur serişdesine öwrülip barýar. Bu barada Sinhua agentligi HHR-nyň Täjirçilikministrligine salgylanyp, habar berýär.Hytaýyň milli puly ýurduň onuň söwdada we maýa goýumynda ulanylmagy üçin edýän tagallalarynyň netijesinde daşary ýurtlardaky geleşikleriň we hasaplaşyklaryň meşhur serişdesine öwrülip barýar. Bu barada Sinhua agentligi HHR-nyň Täjirçilikministrligine salgylanyp, habar berýär.
Çeşme: russian.news.cn

Hytaýyň milli puly ýurduň onuň söwdada we maýa goýumynda ulanylmagy üçin edýän tagallalarynyň netijesinde daşary ýurtlardaky geleşikleriň we hasaplaşyklaryň meşhur serişdesine öwrülip barýar. Bu barada Sinhua agentligi HHR-nyň Täjirçilikministrligine salgylanyp, habar berýär.

Edaranyň resmi wekili Şu Szýuetiniň sözlerine görä, ýuandaky daşary ýurt hasaplaşyklarynyň umumy möçberi göni maýa goýumynyň çäklerinde 2022-nji ýylda 7,92 trln ýuan (1,17 trln ABŞ-nyň dollary töweregi) boldy. Bu 2021-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 37,3% köpdür.

Mundan başga-da, ýuandaky daşary ýurt hasaplaşyklarynyň möçberi geçen ýylda göni maýa goýumynyň çäklerinde ýyllyk hasaplamada 6,76 trln ýuana çenli – 16,6% artdy. Daşary ýurt maýa goýumynda we maliýeleşdirmede ýuana bolan isleg,şeýle hem töwekgelçilikleri dolandyrmak hem ösüpdir.

Şu Szýuetin halkara söwda-ykdysady gurşawyň durnuksyzdygyna garamazdan, soňky üç aýyň dowamynda Hytaýyň daşary söwda pudagy güýçli durnuklylyk we ýaşamaga ukyplylyk görkezip, çynlakaý töwekgelçilikler bilen synagdan geçdi - diýip, nygtady.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026