

Türkmenistanda döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň ondan gowragy açyldy
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar gününde häzirkizaman orta mekdepleriniň 7-si we 5 sany çagalar bagy dabaraly ýagdaýda açyldy.


Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar gününde häzirkizaman orta mekdepleriniň 7-si we 5 sany çagalar bagy dabaraly ýagdaýda açyldy.


Biziň köpimiz “Birinji sentýabr” sözüni eşideninde, dessine körpeje birinji synp okuwçylary hem-de tomsuň dowamynda boýlary duýdansyz ösen ýokary synp okuwçylary göz öňüne getirýär.


Sişenbe güni, 30-njy awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $17,7 million we 1,6 million manat bolan 13 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Bir Kuwwat türkmen kompaniýasy Hytaýyň Shanxi Investment Group International Logistics Co Ltd kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda multimodal ugur boýunça Türkmenistandan Hytaýa 850 tonna buýan köküniň iberilmegini üpjün etdi.


"Demirýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýük daşamagyň ýylda 400,000 konteýner (TEU) möçberini gazanmagy meýilleşdirýärler.


Halkara ulag forumynyň Baş sekretary Kim Ýen Te Merkezi Aziýa boýunça saparynyň çäklerinde Türkmenistana gelmegi maksat edinýär. Bu barada sekretariaty Parižde ýerleşen guramanyň baştutany sişenbe güni Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew bilen duşuşygynyň barşynda aýtdy.


1-nji sentýabrdan “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň içerki gatnawlarynyň tertibi üýtgär, muňa kompaniýanyň resmi saýtynda şu gün çap edilen gatnaw tertibi şaýatlyk edýär.


Duşenbe güni, 29-njy awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $18,1 million we 416,4 müň manat bolan 7 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


“Gazprom” uzakmöhletleýin esasda türkmen gazyny satyn almakda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar. Bu boýunça meseleler duşenbe güni Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýanyň “Gazprom” APJ-niň başlygy Alekseý Miller tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.


Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $5,4 million we 14,2 million manat bolan içerki geleşikleriň 20-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýada resmi sapar bilen gelmegine garaşylýar. Bu barada duşenbe güni RF-niň parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenko türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda aýtdy.


Koronowirus pandemiýasy sebäpli ýapylanyndan 32 aý geçenden soňra, türkmen-eýran serhedinde “Gaudan-Bajygyran” bilelikdäki serhetýaka bazary gaýtadan işläp başlady diýip, Eýranyp KHBS-leri ýazýar.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow "Gazprom" APJ-niň başlygy Alekseý Miller bilen energiýa hyzmatdaşlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.


Türkmenistan "Demirgazyk-Günorta" Halkara ulag geçelgesine (INSTC) goşulmagy meýilleşdirýär, şeýlelik bilen, HUG Hazar deňzinde Türkmenbaşy portunyň goşulmagy arkaly goşmaça ugur mümkinçiligini alar.


Stawropol ülkesiniň Türkmen okrugynyň Kenje-Kulak obasynyň ýaşaýjysy Bahtiýar Orazgeldiýew EAGLE FC. ligasynda üçünji gezek yzly-yzyna wagtyndan öň ýeňiş gazandy. Ozal şeýle üstünligi Habib Nurmagomedow gazanypdy.