HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy

Ýanwar 16, 2023 | 02:50 |9338
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Gahryman  Arkadagymyzy merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary, şol sanda onuň içki bezeginiň dürli görnüşleriniň we metjidiň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän sadaka jaýynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdylar.Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Gahryman  Arkadagymyzy merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary, şol sanda onuň içki bezeginiň dürli görnüşleriniň we metjidiň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän sadaka jaýynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdylar.
Çeşme: Watan

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan işleriň depgini hem-de Ahal welaýatynyň merkezinde guruljak Baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Gahryman Arkadagymyzy merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, onuň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary, şol sanda onuň içki bezeginiň dürli görnüşleriniň we metjidiň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän sadaka jaýynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdylar.

Şeýle hem metjidiň tehniki häsiýetnamalary, eýelejek meýdany, reňk öwüşginleri baradaky, şonuň ýaly-da, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy boýunça geçiriljek işler barada habar berildi.

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň asylly ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan ähli gurluşyk işleriniň häzirki zamanyň ösen talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi hem-de görkezilen taslamalara käbir düzedişleri girizip, olary ýerine ýetirmek boýunça birnäçe maslahatlary we teklipleri berdi.

Hormatly Arkadagymyz täze metjidiň merkeziň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmeginiň, olaryň ýanaşyk ýerleriniň talabalaýyk abadanlaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baş metjitleriň gurlup ulanylmaga berlendigini, olarda asylly ýörelgeleriň, sogap işleriň amal bolýandygyny aýdyp, Ahal welaýatynyň merkezinde hem Baş metjidiň gurulmagynyň taryhy ähmiýetli waka öwruljekdigine ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz metjidiň mährabynyň Käbä tarap bakdyrylýandygyny aýdyp, mukaddes binanyň gurluşygyna sähetli gün badalga berilmeginiň we bu işlere Käbä tarap bakyp başlanmagynyň göwne makul boljakdygyny belledi.

Soňra Hajy Arkadagymyz Baş metjidiň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine baryp, bu ýeriniň maksadalaýyk saýlanylyp alnandygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem Hajy Arkadagymyz metjidiň ýanynda sadaka jaýy bilen bir hatarda okuw-medresesiniň guralmagynyň hem maksadalaýyk boljakdygyny ýene-de bir gezek aýtdy hem-de binalaryň gurluşygyny sazlaşykly alyp barmak barada birnäçe degerli maslahatlaryny berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagynda Merkeziň giň köçeleri boýunça ýola düşdi. Ýol ugruna Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurlan binalardyr desgalaryň degişlilikde atlandyrylyşy boýunça görkezilen ýazgylary, olaryň aýratynlyklaryny we reňk öwüşginleriniň berlişini synlady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026