HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kazanda yslam ýurtlarynyň awtosport we atçylyk sporty boýunça ýaryşlaryny geçir bolar

Ýanwar 15, 2023 | 03:28 |7218
14-17-nji ýanwar aralygynda Kazanda yslam ýurtlarynyň we Tatarystan Respublikasynyň (RF) arasynda hokkeý boýunça ilkinji ýaryş geçirilýär. Ýaryşyň guramaçylary sportuň beýleki görnüşleri, şol sanda tennis, awtosport we atçylyk sporty boýunça-da  şeýle görnüşdäki ýaryşlary geçirmek barada teklip aldylar diýip, TASS habar berýär.14-17-nji ýanwar aralygynda Kazanda yslam ýurtlarynyň we Tatarystan Respublikasynyň (RF) arasynda hokkeý boýunça ilkinji ýaryş geçirilýär. Ýaryşyň guramaçylary sportuň beýleki görnüşleri, şol sanda tennis, awtosport we atçylyk sporty boýunça-da  şeýle görnüşdäki ýaryşlary geçirmek barada teklip aldylar diýip, TASS habar berýär.
Çeşme: ХК «Ак Барс»

14-17-nji ýanwar aralygynda Kazanda yslam ýurtlarynyň we Tatarystan Respublikasynyň (RF) arasynda hokkeý boýunça ilkinji ýaryş geçirilýär. Ýaryşyň guramaçylary sportuň beýleki görnüşleri, şol sanda tennis, awtosport we atçylyk sporty boýunça-da şeýle görnüşdäki ýaryşlary geçirmek barada teklip aldylar diýip, TASS habar berýär.

“Biz bu ýaryşyň uly çäreleriň, berk gatnaşyklaryň başlangyjyna öwrüljekdigine, ýokary derejeli we çagalar, ýetginjekler, talyplar derejelerindäki, ähli ýurtlarda tutuş hokkeýiň öňe ilerledilmegine kömek etjekdigine umyt edýäris. Biz bu çäre barada aýdyp başlanymyzda, sportuň beýleki görnüşleriniň wekilleri hem bize goşuldylar, olar hem Kazanda şeýle ýaryşlary geçirmek isleýärler. Bu bolsa hem tennis, hem atçylyk sporty, hem awtomobil sporty” diýip, “Ak Bars” hokkeý klubynyň hem-de Tatarystanyň hokkeý federasiýasynyň prezidenti Nail Maganow şenbe güni yslam ýurtlarynyň arasynda hokkeý bopýunça ýaryşyň açylyş dabarasynda aýtdy.

Yslam ýurtlary bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda hokkeý boýunça ilkinji ýaryş 14-17-nji ýanwar aralygynda Kazanda “Tatneft-Arena”-nyň we Sport köşgüniň buz meýdançasynda geçirilýär. Ýaryşa 12 sany erkek we 5 sany zenan höwesjeň toparlary gatnaşýarlar. Erkekleriň ýaryşynda BAE-den, Saud Arabystanyndan, Eýrandan, Omandan, Bahreýnden, Gazagystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan hokkeýçiler duşuşarlar, birleşen ýygyndy toparyň düzüminde Alžirden, Marokkodan we Liwandan oýunçylar çykyş ederler. Tatarystana “Ak Barsyň” ulgamynyň ýygyndysy hem-de Respublikanyň hokkeýiniň weteranlar topary wekilçilik eder.

BAE-niň sportyň gyşky görnüşleri federasiýasynyň wise-prerzidenti Hamel Al Kubeýsi Kazanda çagyrylan hokkeý toparlarynyň ýaryşyň dowamynda “Ak Barsdan” uly tejribe aljakdyklary baradaky pikirini žurnalistler bilen paýlaşdy.

Her toparyň iň oňat oýunçylary gatnaşjak esasy duşuşyk 17-nji ýanwarda “Tatneft-Arena”-nyň buzly meýdançasynda geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026