Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýe Respublikasynyň güni bilen gutlady

29.10.2025 | 10:10 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýe Respublikasynyň güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýäniň doganlyk halkyna ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkiýäniň syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda gazanan üstünliklerini hem-de döwletlerimiziň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellemek ýakymlydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkiýe Respublikasynyň güni her ýyl 29-njy oktýabrda 1923-nji ýylda respublikanyň yglan edilmeginiň hatyrasyna bellenilýär. Bu sene Türkiýäniň döwlet ösüşiniň täze tapgyra geçendigini alamatlandyryp, ýurduň esasy milli baýramçylyklarynyň biri hasaplanylýar.

Foto: aa.com.tr

Şeýle hem okaň: