Göbekli-depe: Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýerleşýän iň gadymy siwilizasiýa yzlary
28.10.2025 | 11:00 |Günorta Anadolyda ýerleşýän Şanlyurfa welaýatynda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň howandarlygynda alnyp barylýan «Taş Tepeler» («Daş depeler») taslamasynyň çäklerinde arheologik- barlag işleri dowam edýär. Bu taslama iň gadymy neolit döwrüne degişli Göbekli-depe we Garahan-depe ýaly birnäçe taryhy ýadygärlikleri öz içine alýar.

Taslamanyň maksady — adamzadyň taryhynda esasy öwrülişikleriň, ýagny oturymly ýaşaýyş durmuşyna geçiş döwrüniň ýüze çykan ýerlerini öwrenmekdir. Maksatnamanyň çäklerinde Göbekli-depe, Garahan-depe, Saýburç, Sefer-depe, Harbetsuwan-depesi, Gürjüdepe, Çakmakdepe, Ýeni-Mahalle we Söwüt-Tarlasy ýaly on arheologik ýadygärlikde ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Bu ýylyň esasy tapyndylarynyň biri Garahan-depede ýüze çykarylan — adam ýüzüniň şekili oýulan T görnüşindäki daş sütündir. Bu neolit sungatynda adamlaryň ýüz keşbini hakykata golaý şekilde görkezýän ilkinji eser bolup, onuň gözleri we buruny takyk şekillenipdir. Mundan öň bu görnüşdäki sütünlerde diňe ellere we goşarlara meňzeş şekiller duş gelýärdi.

Mundan başga-da arheologlar gyzyl toprak gatlagyndan dünýäde iň gadymy hasaplanýan üç ölçegli mifologik sahnanyň tapylandygyny habar berdiler. Bu tapyndylar tertipli ýagdaýda ýerleşdirilip, gadymy adamlaryň ösen nyşanly pikirlenme ukybynyň bolandygyny görkezýär.

Sebitiň merkezi taryhy ýadygärligi bolan Göbekli-depe ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir. Bu ýerde beýik T görnüşli sütünler, ýabany doňuzyň heýkeli we neolit döwrüne degişli adam şekilleri ýerleşýär.

Şanlyurfada syýahatçylar Türkiýäniň iň uly muzeý toplumyna — Şanlyurfa muzeýine we Haleplibahçe mozaika muzeýine baryp bilerler. Bu ýerlerde eksponatlar Bürünç döwründen başlap häzirki döwre çenli taryhy yzygiderlik tertibinde görkezilýär.


Şanlyurfa sebitiniň medeni we binagärlik ýadygärlikleriniň hatarynda mukaddes Balykligöl köli we Harranyň gümmez şekilli öýleri hem bar. Syýahatçylyk ugruna ýerli aşhananyň tagamlary hem goşulýar, olaryň arasynda meşhur «gyzardylan guzy bagry» we «çig köfte» ýaly milli tagamlar aýratyn orun eýeleýär.

