Aşgabadyň “Daşkent” seýilgähinde türkmen-özbek dostlugynyň dabaraly agşamy geçirildi
29.10.2025 | 02:40 |28-nji oktýabrda, sişenbe güni, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde “Türkmen-özbek dostlugynyň agşamy” atly giň gerimli çäräni geçirdi. Iki halkyň asyrlardan bäri dowam edýän doganlygyna bagyşlanan baýramçylyk iki paýtagtyň arasyndaky bozulmaz gatnaşyklaryň we doganlyk gatnaşyklarynyň ajaýyp nyşany bolan “Daşkent” medeni-dynç alyş seýilgähinde geçirildi.

Dabara diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň wekilleri, döwlet we hususy habar beriş serişdeleriniň baş redaktorlary, şeýle hem sungat işgärleri we paýtagtyň köp sanly ýaşaýjylary çagyryldy. Seýilgähiň girelgesinde türkmen we özbek däp-dessurlaryna laýyklykda, myhmanlary milli lybasly gyzlar çörek-duz, pişma we süýjülikler bilen garşyladylar.

Körpeje nesillere derrew seýilgähiň oýun meýdançalarynda we attraksionlarynda erkinlik berildi, olar dürli reňkli yşyklar bilen ýalpyldap, çagalaryň şatlykly gülküleri bilen doldy.

Myhmanlar bolsa ýodaçyklar boýunça gezelenç etdiler. Onuň ugrunda Aşgabadyň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň eserleriniň galereýasy we Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň baýramçylyk temaly suratlary sergilenipdir. Bu ýerdäki sungat eserleri görenleri haýrana galdyrdy.

Başga bir meşhur ýer Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerinden taýýarlan çaýlaryň sergisi bolup, sergä gatnaşyjylar myhmanlary çaýy dadyp görmäge çagyryp, höwes bilen maslahat berdiler we myhmanlara dermanlyk ösümlikleri saýlamaga kömek etdiler.

Esasy gyzykly wakalar aşpezlik burçunda gurnalypdyr, bu ýere tomaşaçylar uly gazanda özbek palawynyň, şeýle hem türkmen bugdaýyndan ýarmanyň we gaýun etinden milli çikderme naharynyň taýýarlanyşyny synlamak üçin ýygnandylar. Aşpezleriň bug we tüsse bulutlarynda işleýän gazanlarynyň ýanynda çörek tamdyrda gyzarýardy, somsa bolsa bişirilýärdi... Hemme zat ajaýyp hödür-kerem bilen hakyky toýy wada berýärdi.

Şol bir wagtyň özünde, sazly çykyşy garaşýan çagyrylan myhmanlar, açyk asmanda, ajaýyp sahnanyň öňünde gurlan “tomaşaçylar üçin zalda” öz orunlaryny eýelediler, uly monitorlarda bolsa Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet baýdaklaryny görkezilýärdi.

Ýygnananlaryň öňünde gutlag sözleri bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimow çykyş etdi.

Häkim Gandymow bu ýeriň simwoliki häsiýetini belledi: “Bu “Daşkent” seýilgähinde geçirilýän baýramçylyk umumy taryhy we medeni däp-dessurlary paýlaşýan iki doganlyk döwletiň paýtagtynyň arasyndaky çuňňur dostlugy alamatlandyrýar. Merkezi Aziýa bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek Prezident Serdar Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky özara ynamyň netijesinde köp derejeli türkmen-özbek gatnaşyklary pugtalanýar we giňeldilýär, medeni hyzmatdaşlyk bolsa hil taýdan täze derejä çykarylýar. Ýakynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleri munuň aýdyň subutnamasydyr”.

Ilçi Rawşanbek Alimow hem şu Agşamyň hakyky dostlugyň we asyrlardan bäri dowam edýän gatnaşyklaryň janly nusgasydygyny belledi. “Häzirki wagtda bu berk gatnaşyklar ýurtlarymyzyň Liderleriniň syýasy erki we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde täze, strategik ösüşe eýe bolýar. Aşgabadda “Daşkent” seýilgähiniň we Daşkentde “Aşgabat” seýilgähiniň açylmagy, Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda wagtyň we giňişligiň täsirine düşmeýän özboluşly dostluk portalyny döretmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýyl ýazgylaryna altyn harplar bilen ýazyldy.

Şeýle agşamlaryň geçirilmegi medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna, halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna we gymmatly ruhy mirasymyzyň goralmagyna goşant goşýar. Özbek-türkmen dostlugy tutuş sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we gülläp ösüşiň berk binýady bolup hyzmat etmegini dowam etsin!”.

Soňra sahnada türkmen we özbek artistlerine orun berildi. Konsert maksatnamasynda halk we häzirki zaman türkmen we özbek aýdymlary ýerine ýetirildi, şeýle hem “Serpaý”, Näzli” we “Aşgabat” tans toparlary aýdymçylara baýramçylyk ruhyny döretmäge ýardam etdiler.

Hoş owazly söýgi, dostluk we Watan hakdaky aýdymlar we täsirli beýan ediji, nepis, akgyn hereketleri täsirli, depginli ritm bilen utgaşdyryp, özbek we türkmen däp-dessurlarynyň tanyş mukamlary ýeke-täk, bitewi ansambla birleşdirdi.

Konsertden soň, hormatly myhmanlar “Daşkent” seýilgähinde çaýhana çagyryldy we ol ýerde iki ýurduň milli tagamlary hödürlendi. Şeýle hem, seýilgähiň ähli myhmanlary üçin açyk asmanda saçaklar ýazylypdy we hemmeler üçin ýeterlik derejede özbek palawy bardy – ondan bir tonnadan gowrak nahar taýýarlandy!

Şeýle uly möçberdäki tagamy däp bolan usul boýunça berk tertipde taýýarlamak üçin 25 ýyl bäri ýörite wakalar üçin palaw taýýarlaýan aşpaz Rustam Ilýamov bize goňşy ýurtdan geldi. Şu ýerde özbek palowynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras sanawyna girizilendigini bellemek gerek.

Oňa türkmen aşpezleri Azat Imamedow we Geldimyrat Ataýew ýardam etdiler, olar özbek kärdeşleri bilen bilelikde baýramçylyklarda 20 ýyllyk tejribesini paýlaşýarlar. Bu biziň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzyň ýene bir beýanydyr, halklarymyz üçin bolsa, bilelikde naharlanmak çuňňur ynamyň, hormatyň we doganlygyň alamatydyr.

Myhmanlar hödürlenen tagamdan örän şat boldular we öz täsirlerini paýlaşdylar, ýaş nesiller bolsa dynç alyp, oýun meýdançalarynda şatlykly gezelençlerini dowam etdirdiler we multfilm gahrymanlary we uly “janly” gurjaklar bolan labubu bilen söhbetdeş boldular. Gülkünç üflenýän kostýumlardaky animatorlar körpeleriň göwüni açmagy başardylar, hatda ulularyň hem ýylgyrmagyna sebäp boldular.

Agşam uly üstünlikli giçirildi. Ol diňe bir çäre bolam, eýsem iki doganlyk halkyň ýüreklerini birleşdirýän janly ynsanperwer köprüsine ýa-da Özbegistanyň Ilçisi Rawşanbek Alimowyň aýdyşy ýaly, “dostluk portalyna” öwrüldi.

ORIENT