Moskwa ulag-logistika pudagynyň iň uly çäresi bolan TransRussia 2026 sergisini kabul eder
28.10.2025 | 12:05 |2026-njy ýylyň 17–19-njy marty aralygynda Moskwadaky «Krokus Expo» sergi merkezinde ulag-logistika hyzmatlary, ammar enjamlar we tehnologiýalar boýunça 30-njy Halkara sergisi TransRussia 2026 geçiriler.
Sergi 22 döwletiň 600-den gowrak kompaniýasyny birleşdirip, doly üpjünçilik zynjyryny öz içine alar: ulag serişdeleri we gümrük resminamalaryndan başlap, ammar, gaplama we IT çözgütlerine çenli.
Sergä demirýol, awtoulag, deňiz, howa we multimodal gatnawlarynyň wekilleri, ekspeditorlar, gümrük brokerleri, IT üpjün edijiler, ätiýaçlandyryş kompaniýalary we e-commerce operatorlary gatnaşar.
Serginiň iş maksatnamasynda halkara maslahatlar, pudak forumlary, intralogistika we multimodal logistika, sanlylaşdyrma we üpjünçilik zynjyrlaryny optimizirleme boýunça sessiýalar ýaly 20-den gowrak çäre bar.
TransRussia 2026 sergisiniň çäginde aýratyn üns SkladTech ekspozisiýasyna berler, ol ammar enjamlary, awtomatlaşdyryş we intralogistika ugurlarynda iň täze çözgütleri görkezýär.
Geçirýän ýeri: «Krokus Expo» Moskwanyň sergi merkezi, Pawilýon 3, Moskwa, Russiýa.
Serginiň sahypasy: transrussia.ru