Türkmenistan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Azerbaýjan Hytaý–Baku aralygynda synag ulag ugruny işe girizdi
28.10.2025 | 12:10 |Türkmenistan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Azerbaýjan ulag hyzmatdaşlygyny berkitmek hem-de halkara logistika baglanyşyklaryny giňeltmek maksady bilen Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan (Baku) ugur boýunça synag ulag ugruny işe girizdiler.
Taslama «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM), «O’ztemiryo’lkonteyner» paýdarlar jemgyýeti (Özbegistan) hem-de «Alliance Multimodal» (Azerbaýjan) kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýar.
Synag tapgyrynyň çäklerinde Hytaýdan Azerbaýjana ugur alyp barýan dört sany 40 futlyk konteýneriň iberilmegi gurnaldy. Häzirki wagtda bu konteýnerler Gyrgyzystanyň Oş stansiýasyna gelip gowuşdy, bu ýerde resminamalaryň resmileşdirilmegi we konteýnerleriň Özbegistanyň, Türkmenistanyň hem-de Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana ugradylyşy üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Ýetilen ylalaşyklar boýunça, Oş stansiýasyndan Baku şäherine çenli geçilýän üstaşyr gatnawyň wagty 12 gün diýlip kesgitlenildi.