Iň täze habarlar

Türkmen himiýa we dokma önümleriniň eksporty 7,8 million dollardan geçdi

28.10.2025 | 11:50 |
 Türkmen himiýa we dokma önümleriniň eksporty 7,8 million dollardan geçdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Ukrainanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt walýutasyna «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň önümçilik desgalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, walýutanyň hasabyna nah ýüplügi, flanel matasy, buýan köküniň ekstrakty we arassalanan egirlen pagta galyndylary hem ýerlenildi.

Satyn alyjy-ýurtlaryň arasynda Türkiýe, Azerbaýjan we Serbiýa bar. Eksport geleşikleriň jemi möçberi 7 million 862 müň ABŞ dollaryndan geçdi.

1994-nji ýylda esaslandyrylan TDHÇMB Türkmenistanda eksport we import gatnaşygyny düzgünleşdirýän esasy edaradyr.

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: