Iň täze habarlar

Türkmenistan we “Commerzbank AG” maliýe hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryna gadam basýar

04.07.2025 | 20:05 |
 Türkmenistan we “Commerzbank AG” maliýe hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryna gadam basýar

3-nji iýulda Germaniýanyň maliýe paýtagty diýip hasaplanýan Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň GFR-daky konsuly Myrat Özbekbaýew bilen “Commerzbank AG” bankyň maliýe institutlary bilen işlemek boýunça uly menejeri we direktory Andreý Kononowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar bankara hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar “Commerzbank AG”-nyň Türkmenistanyň maliýe guramalary bilen uzak möhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygyny belläp, häzirki gatnaşyklaryň oňyn ösüşine ünsi çekdiler. Esasy temalaryň arasynda eksporty maliýeleşdirmegiň, taslamalara maliýe hyzmatyny we Türkmenistanda kiçi we orta kärhanalara goldawyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Commerzbank.jpg

Taraplar şeýle hem, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açmaga ýardam berjek Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde bilelikdäki işewürlik çärelerini guramagyň geljegi barada pikir alyşdylar.

“Commerzbank AG” – Germaniýanyň iň iri banklaryndan biri we Maýn boýundaky Frankfurt şäherindeştab-kwartirasy ýerleşmek bilen Ýewropada öňdebaryjy bank konsernidir. Bankyň türkmen banklary bilen hyzmatdaşlygy 1990-njy ýyllaryň ortalarynda başlandy we 2008-nji ýyldan bäri Aşgabatda bu maliýe edarasynyň wekilhanasy işleýär.

Commerzbank - 2.jpg

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň GFR-daky Konsullygy tarapyndan üpjün edildi

Şeýle hem okaň: