Iň täze habarlar

Hazarda alnyp barylýan iş: “Neptun” desgasy Türkmenistandan Azerbaýjana geçirildi

11.06.2025 | 11:00 |
 Hazarda alnyp barylýan iş: “Neptun” desgasy Türkmenistandan Azerbaýjana geçirildi

“Neptun” buraw desgasy Hazar deňziniň türkmen böleginden Azerbaýjana geçirildi. Deňiz işleri üç günläp dowam edip, AZCON holdinginiň düzümine girýän Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçiliginiň (ASCO) gämileri arkaly geçirildi.

Geçirmek işlerine “Gowsan”, “Gowsan 2”, “SOCAR 1”, “Andoga”, “Şuwalan” we “Mýardýakan” ýaly tirkeg gämileri gatnaşdy. Ozal bularyň ählisi meňzeş işe gatnaşyp gördüler – 2024-nji ýylyň maý aýynda olaryň kömegi bilen “Saturn” buraw desgasy türkmen suwlaryna gaýtaryldy.

Bu işiň ikisi hem Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky Hazarda energetika logistikasy babatdaky durnukly deňiz hyzmatdaşlygyny açyp görkezýär.

ORIENT

Foto: nangs.org

Şeýle hem okaň: