Türkmen küştünde täze zenan atlary: Almatydaky Aziýanyň zolaklaýyn çempionatynyň netijeleri
13.04.2025 | 23:00 |Türkmenistanyň küşt boýunça zenanlar ýygyndysynyň agzalary Jahan Rejepowa we Bägül Ezizowa Gazagystanyň Almaty şäherinde tamamlanan Aziýanyň zolak çempionatynda (Zolak 3.4) degişlilikde 4-nji we 6-njy orunlary eýeläp, baýraklara mynasyp boldular. 1–10-njy aprel aralygynda geçirilen bu ýaryş Halkara Küşt Federasiýasynyň (FIDE) 2025-nji ýylda geçiriljek Dünýä kubogy üçin resmi saýlama tapgyry bolup çykyş edýär. Bäsleşik Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan we Owganystandan jemi 131 güýçli küştçini — 87 erkek we 44 zenan jemledi.
Ýaryşyň ýapylşyk dabarasynda Aziýanyň küşt federasiýasynyň we Gazagystanyň küşt federasiýasynyň wise-prezidenti Darmen Sadwakasow çykyş edip, türkmen küştçileri, aýratyn-da 14 ýaşly Jahan Rejepowa halkara derejesinde özüniň güýçli oýny bilen täsir galdyrandygyny belläp geçdi.
Jahan Rejepowa ýaryşyň dowamynda Gazagystanyň ýygyndysynyň agzalary hem-de beýleki öňdebaryjy garşydaşlary bilen duşuşyklarda üstünlikli çykyş etdi. Hususan-da, ol Budapeşt-2024 Olimpiadasynyň kümüş medaly eýeleýänleri bilen geçiren duşuşyklarda 2 partiýadan 1,5 utuk gazandy. Şolaryň arasynda halkara uly ussat (WGM), FIDE reýtingi 2249 bolan Liýa Kurmangalýewany ýeňmegi hem-de turniriň ilkinji seýany, halkara uly ussat (WGM), reýtingi 2347 bolan Alua Nurman bilen güýçli pozisiýadan deňlik gazanmagy dürli ýurtlaryň tälimçilerini we synçylaryny haýran galdyrdy. Olar täze turkmen ýyldyzynyň Merkezi Aziýanyň küşt meýdançasynda dörändigini nygtadylar.
Jahan Rejepowa bu ýaryşdaky üstünlikli çykyşynyň netijesinde FIDE-niň zenanlar boýunça ussady (WFM) adyna mynasyp boldy we zenanlaryň halkara ussady (WIM) derejesi üçin ilkinji kadany ýerine ýetirdi. Şeýle-de, ol öz FIDE reýtingini 137 ýokarlandyryp, 2150 ýetirdi. Jemi 9 oýundan 6,5 utuk toplap, 4-nji orny eýelän Jahan, medal gazanmak we Dünýä kubogyna gatnaşmak hukugy üçin bary-ýogy bir ädimde saklandy.
Ýene bir türkmen küştçüsi — zenanlaryň arasynda halkara derejeli kandidaty Bägül Ezizowa (FIDE reýtingi 1941) 6 utuk toplap, 6-njy orny eýeledi.
Dünýä kubogyna gatnaşmak hukugyna eýe bolan küştçiler:
Zenanlar: 1) Afruza Hamdamowa (Özbegistan, reýtingi 2326) — 7,5 utuk
2) Ýelnaz Kaliahmet (Gazagystan, 2178) — 7 utuk
3) Meruýert Kamalidenowa (Gazagystan, 2342) — 7 utuk
Erkekler:
1) Aldiýar Ansat (Gazagystan, 2469) — 7,5 utuk
2) Satbek Ahmedinow (Gazagystan, 2318) — 7 utuk
3) Alişer Suleýmenow (Gazagystan, 2478) — 7 utuk
4) Muhammadzohit Suýarow (Özbegistan, 2469) — 7 utuk
Ýaryşyň jemleýji tapgyrynda halkara uly ussat derejesini alan watandaşymyz küştçi Saparmyrat Atabaýew (FIDE reýtingi 2530) Dünýä kubogyna gatnaşmaga örän ýakyn boldy. Emma ol soňky duşuşykda Muhammadzohit Suýarow bilen oýunda deňligi saklap bilmän, jemi 6 utuk bilen 9-njy orny eýeledi.
ORIENT