Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” Döwlet konsernleriniň önümlerine isleg bildirildi

11.04.2025 | 14:30 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” Döwlet konsernleriniň önümlerine isleg bildirildi

10-njy aprelde, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa önümleri ýerlenildi.

Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” we “Türkmennebit” Döwlet konsernleri bilen “TS-1” uçar kerosini, “BND 60/90” kysymly ýol bitumyny, “ECO-93” kysymly awtoulag benzini hem-de “SN-600” kysymly esas ýagyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 10 000 000 manada we 13 123 250 ABŞ dollaryna barabar bolan 6 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: