San-Remodaky estrаda aýdym festiwaly – aýdym-saz jemgyýetçiliginiň üns merkezinde
13.02.2025 | 20:40 |75-nji ýubileý italiýan estrada aýdym festiwaly 11-nji fewral sişenbe güni Liguriýa kenaryndaky San-Remo kurort şäherçesinde açyldy we 15-nji fewral şenbe gününe çenli dowam eder. Esasy baýrak – «Ýewrowideniýe» aýdym bäsleşigine gatnaşmaga hukuk almak ugrunda 29 aýdy we topar bäsleşýär.
Bäsleşige tanymal we meşhur aýdymçylar bilen bir hatarda soňky ýyllarda milli aýdym-saz bazarynda üstünlik gazanyp, striming platformalarynda rekordlary täzeleýän sungat işgärleri hem gatnaşýarlar. 75-nji meşhur festiwalyň alyp baryjysy we baş režissýory hökmünde dört ýyldan soň ýene-de Karlo Konti çykyş edýär.
Bu festiwal ägirt uly meşhurlyga eýe – her agşam birnäçe sagat dowam edýän «Ariston» teatryndaky göni ýaýlymy millionlarça tomaşaçy synlaýar, bu aýdym-saz we medeniýet çärä bagyşlanan reportažlar ähli gazetleriň ilkinji sahypalarynda, radio we teleýaýlym habarlarynda giňden beýan edilýär. Kommentatorlar bu festiwaly «Italiýanyň kiçi nusgasy» diýip atlandyrýarlar, sebäbi «Ariston» teatryndaky çykyşlar diňe aýdym-saz bilen çäklenmän, ýurduň syýasy we jemgyýetçilik meselelerine hem degişlidir.
Bäsleşigiň ilkinji agşamynda Rim Papasy Fransisk wideo arkaly çykyş edip, halklaryň arasynda sazlaşygy ösdürmäge ukyply aýdym-sazyň güýji barada pikir ýöretdi. Ol şeýle belledi: «Aýdym-saz – bu gözellik, aýdym-saz – parahatçylygyň guraly. Ol hemmeler üçin düşnüklidir we her bir adamyň ýüregine ýetirýär. Aýdym-saz halklaryň agzybir ýaşamagyna kömek edip biler».
Pontifikyň ýüzlenmesinden soň sahnada ysraýyl aýdymçysy Noa we palestinaly aýdymçy Mira Awad çykyş edip, Jon Lennonyň «Imagine» atly meşhur aýdymyny iwrit, arap we iňlis dillerinde ýerine ýetirdiler. Bu çykyş Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň höküm sürmegine bolan umyt nyşany hökmünde ýaňlandy.
ORIENT